Terbiýeçiniň  dili  edebi  dilde  çagalara düşnükli, çagalaryň ünsüni özüne çekiji ýakymly äheňde bolmalydyr. Terbiýeçi  islendik  tebigy  zatlar  barada  gürrüň  berende  sözi  bilen düşündirişi gabat gelmelidir. Terbiýeçi gürrüňi gysga manyly, çaga-lara tanyş sözler bilen baýlaşdyrmagy, sapagy oýun görnüşinde geç-megi başarmalydyr. 

Kiçi topara garanyňda orta, uly we mekdebe taýýarlaýyş topar-larynda terbiýeçiniň gürrüňi uly orun tutýar. Terbiýeçi öz gürrüňini görkezme esbaplar ýa-da kinofilmler görkezmek bilen düşündirse sa-pak has gyzykly geçer. Terbiýeçi çagalaryň gezelençde gören zatlary barada ýatladyp öz gürrüňini manyly, düşnükli gurap biler. 

Terbiýeçi-niň gyzykly gürrüň esasynda çagalary sapaga gyzyklandyrmagy mag-lumatlary öwretmegiň esasy özenidir. Terbiýeçi  gürrüň  berende  çagalar  bilen  sorag-jogap  alyşýar. Uly  we  mekdebe  taýýarlaýyş  toparda  çagalar  özbaşdak  mazmun-ly şekil barada gürrüň berýärler. Çagalara berilýän sorag çagalaryň ýaş aýratynlygyna, bilim derejesine bagly bolmalydyr. Sorag çaga-lara düşnükli, jogabyny tapmaga kömek edýän bolmalydyr. Gürrüň bermek  usulyna  «Sokratçylyk»  usuly  hem  diýilýär.  Terbiýeçiniň gürrüňi hemme toparda ulanylýar. Çagalara tebigat düşünjesini ber-mekde gürrüňdeşlik ýa-da söhbetdeşlik usulynyň ähmiýeti uludyr. Gürrüňdeşlik  ýa-da  söhbetdeşlik  terbiýeçiniň  hem-de  çaganyň gatnaşmagynda  geçirilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Guwanç JUMANAZAROW

Türkmen döwlet binagärlik - gurluşyk 

institutynyñ talyby