Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ajaýyp şygary ähli ugurlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Bilim-terbiýeçilik düzümlerinde hem şanly ýylyň şygaryndan ugur alyp, usulyýet-guramaçylyk ugurly çäreler işjeň geçirilýär.

Çagalary türkmeniň iň asylly ýörelgelerine mahsus häsiýetde terbiýelemekde, ilhalar, watançy, zähmetsöýer, bilimli edip ýetişdirmekde bakja-baglaryna uly orun degişlidir. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralary pedagogikanyň usuly talaplaryna laýyklykda guramaçylykly iş alyp barmak bilen aň we beden taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge goşant goşýar. Şunda döwrüň täsiriniň uly orna eýe bolşy ýaly, ýylyň wakalarynyň, ýylyň her bir pursatynyň hem täsiri uludyr. Bu ýylda bolsa öz şygaryna mahsus ösüşler, watançylyk joşguny ähli ýerleri gurşap aldy. Şol sanda biz hem bakja-bagymyzda ähli toparlarda bilim işgärleri we çagalar bolup, ýylyň täze üstünliklerine sary gadam basýarys.

Her ýylda däp bolşy ýaly, bu ýylyň hem ruhlandyryjy şygaryndan ugur alyp bilim özgertemeleriniň ösüşlerine goşant goşmak, milli watançylygy dabaralandyrmak, bilim işgärleriniň syýasy sowatlylygyny ösdürmek, ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanjyny artdyrmak ugrunda biziň çagalar bakja-bagymyzda hem toplumlaýyn okuw-terbiýeçilik işleri meýilnamalaýyn esasda geçirilýär. Şol sanda dürli usuly-maslahatlarda, halypa-şägritlik gatnaşyklarynda, öňdebaryjy iş tejribeleriň öwrenilmeginde, bezeg işlerinde we beýleki guramaçylyk çärelerinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň bedew batly ösüşleri wagyz edilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Nesilleriň röwşen geljegi hakynda uly aladalary durmuşa geçirip, ýyllar saýyn iş tejribeleri artdyrmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza bilim-terbiýeçilik işgärleriniň, körpeleriň we ata-eneleriň köňül alkyşlary egsilmezdir.

Haltäç ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.