Türkmen halkynyň Milli Lideri hormatly Arkadagymyzyň çuň many-mazmunly kitaplary okyjylaryň öňünde dünýäni açýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitaby-da şeýle neşirleriň biridir. Bu eser giň okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döredýär. Çünki beýleki neşirlerde beýan edilişi ýaly, bu eserde-de watansöýüjilik we nesil terbiýesi ör-boýuna galýar.
Kitapda gozgalýan meseleler, beýan edilýän durmuşy wakalar, öňe sürülýän pikirler nesil terbiýesi bilen gönüden-göni baglanyşyp, düýpli çemeleşilýär, milli terbiýäniň aýratynlyklary gymmatly çeşmelere esaslanyp beýan edilýär. «Terbiýäniň çeşmesi — kitap» atly bölümçede kitap we kitaphanalar, kitap okamak we dünýä akyl ýetirmek babatdaky düşünjeler jemlenýär. «Terbiýe hakda söz açylanda, kitap we onuň ähmiýeti hakda aýratyn durup geçmegi makul bildim. Sebäbi kitap ýörite söhbet edeniňe degýän gymmatlyk» diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtaýar. Şu dürdäne pikirlerden görnüşi ýaly, kitap tutuş adamzadyň durmuşynda mäkäm orun alan maddy hem ruhy gymmatlykdyr.
Halkymyz «Gatbar-gatbar gatlama, gatlamadan ätleme» diýip, çagalaryň aňyny ösdürýän matallarda-da kitaba we onuň mukaddesdigine aýratyn ähmiýet beripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň bu eserinde şu matal mysal getirilip, «Kitap — içi maglumatlardan doly bilim sandygy, akyl jamy» diýlip, kitabyň ähmiýetine ýokary baha berilýär. Pederlerimiziň kitaba bolan sarpasynyň ýokary bolandygyna anyk subutnamalar az däldir. Bu barada hormatly Arkadagymyzyň eserinde-de beýan edilýär: «Argyşa giden ata-babalarymyz giden ýerlerine türkmeniň kitabyny äkitseler, baran ýerlerinden üýtgeşik, täsin, gyzykly we ähmiýetli kitaplary satyn alyp gaýdar ekenler. Türkmeniň özge halklar bilen kitaply gatnaşygy onuň edil saçakly gatnaşygy ýaly bolupdyr» diýilýär.
Elbetde, bu günki gün dünýä ýüzünde ylym we tehnologiýa ösýär, kitaphanalarda neşirler elektron nusgada okalýar, kitap önümçiliginiň-de mümkinçilikleri giňeýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda kitap önümçiligine aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň her bir kitaby bolsa milli terbiýe babatda gymmatly gollanmadyr, nusgalyk mekdepdir.
Maral KURBANOWA,
Döwletli etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.