1. Duýgurlyk-senzitiwlik. Adamda haýsy-da bolsa bir psihologik reaksiýany döretmek üçin zerur bolan täsirleriň iň kiçi ululygy bilen kesgitlenýär. Mysal hökmünde duýma döretmek üçin zerur gyjyndyryjynyň iň ujypsyz güýjüni (duýmanyň aşakybosagasy), ýa-da adamy ynjalyksyzlandyrýan islegleriň iň pes kanagatlandyrylmazlyk derejisini görkezmek bolar.
  2. Reaktiwlik. Adamlaryň şol bir güýçdäki daşky we içki täsirlere emosional-duýgy jogap beriş derejesidir. Jemgyýetçilik ulagynda atanlykda aýaklary basylan fiegmatik oňa äwmezek, melanholik bolsa ýokary ynjama bilen jogap berýär. Reaktiwligiň iň aýdyň görnüşleri emosionallyk we ýokary kabul edijilikdir.
  3. Işjeňlik. Adamyň näderejede daşky dünýä işjeň täsir edýändigi we maksada ýetmekde daşky we içki garşylyklary ýeñip geçýändigi bilen kesgitlenýär.
  4. Reaktiwligiň we işjeňligiň utgaşmasy. Adamyň işiniň, özüni alyp barşynyňdaşky ýa-daiçki tötänleýin sebäplere (meselem, keýp-şähte, tötänleýin wakalara) ýa-da esaslandyrylan maksada, niýete tabynlygy bilen kesgitlenýär.
  5. Hereketleriň depgini. Dürli psihologikreaksiýalaryň, prosesleriň ýüze çykyşynyň tizligi boýunça kesgitlenýär (meselem, gymyldylaryň çaltlygy, sözleýşiň depgini, ýagdaýdan çykalga tapmagyň, pikiriň çaltlygy we ş.m.).
  6. Çeýelik we onuň garşylykly häsiýeti-durgunlyk. Adamyň üýtgeýän daşky täsirlere çalt uýgunlaşmagy (çeýelik), ýa-da munuň tersine, bu ýagdaýda özüni alyp barşyny üýtgetip bilmezligi (durgunlyk) bilen kesgitlenýär.
  7. Ekstrawertlik we onuň garşylykly häsiýeti-intrawertlik. Adamyň reaksiýalarynyň we işiniň şu pursatda täsir edýän daşky täsirlere baglylygy ekstrawert), ýa-da tersine, geçmiş we gelejek bilen baglanyşykly pikirlere, ýatlamalara tabynlygy (intrawert) bilen kesgitlenýär.

Yslamberdi TYLLANUROW
Türkmen döwlet
binagärlik – gurluşyk
institutynyň mugallymy