Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si hä­zir­ki döw­rüň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bi­ri­dir. Zy­ýan­ly en­dik­le­riň bi­ri bo­lan, dü­zü­min­de tem­mä­ki sak­la­ýan se­riş­de­le­ri çek­mek­li­ge gar­şy gu­ra­ma­çy­lyk­ly gö­reş çä­re­le­ri­niň jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­laş­ma­gy üçin mö­hüm äh­mi­ýe­ti bar­dyr. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da çi­lim­keş­lik ýa­ly ýa­ra­maz en­dik­le­re gar­şy gö­re­şi güýç­len­dir­mek, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni yk­rar et­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ila­ty­my­zyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak üçin, il­kin­ji no­bat­da, ýaş nes­li ýa­ra­maz en­dik­ler­den go­ra­mak ge­rek. Çün­ki ýaş­lyk döw­rün­de dür­li se­bäp­ler bi­len ýü­ze çyk­ýan bu en­dik­ler, soň­lu­gy bi­len yn­sa­nyň er­ki­ni elin­den alyp, onuň sag­ly­gy­na düýp­li zy­ýan ýe­tir­ýär.

Çi­lim çek­ýän adam tem­mä­ki­niň tüs­se­si bi­len bi­le­lik­de ni­ko­ti­ni, si­nol tur­şu­sy­ny, bo­gu­jy gaz­la­ry, ben­zo­pi­ri­ni, po­lo­niý we şo­ňa meň­zeş ra­dioak­tiw ele­ment­le­riň kir­şe­ni­ni öz içi­ne dart­ýar. Çi­lim çe­ki­len­de bu mad­da­la­ryň 25 gö­te­ri­mi ýan­ýar, 50 gö­te­ri­mi tüs­se gör­nü­şin­de daş­ky gur­şa­wa ýaý­ra­ýar, 5 gö­te­ri­mi çi­li­miň ga­lyn­dy­syn­da gal­ýar, 20 gö­te­ri­mi bol­sa öý­ke­niň üs­ti bi­len ada­myň be­de­ni­ne düş­ýär we ony zä­her­le­ýär. Çi­li­miň tüs­se­si adam be­de­ni­ne zä­her­leý­ji tä­sir ed­ýär.

Çi­lim çek­ýän adam­la­ryň ag­la­ba­sy do­wam­ly bron­hit bi­len ke­sel­le­ýär. Öý­ke­niň howp­ly tä­ze­dö­re­me ke­sel­le­ri­ne ýo­lug­ýan has­sa­la­ryň ag­ram­ly bö­le­gi çi­lim­keş­ler­dir.
Çi­lim çek­ýän adam­lar­da mio­kar­dyň in­fark­ty, gi­per­to­ni­ýa, ste­no­kar­di­ýa, mio­kar­dio­dist­ro­fi­ýa çi­lim çek­me­ýän adam­lar bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 8 gö­te­rim köp duş­ýar. Çi­lim­keş­le­riň kö­pü­si en­do­ar­te­rit­den ejir çek­ýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Çi­lim çek­ýän­le­riň ara­syn­da ka­ri­ýes (diş çüý­re­me­si), gast­rit (aş­ga­za­nyň nem­li bar­da­sy­nyň gaý­nag­la­ma­sy), aş­ga­za­nyň we oni­ki bar­mak içe­gä­niň baş­ly (ýa­ra) ke­sel­le­ri köp duş gel­ýär. Çi­lim­keş­le­riň 4 gö­te­ri­mi ba­gyr sir­ro­zy­na du­çar bol­ýar.
Çi­lim çek­ýän adam­la­ryň kö­pü­si­niň gö­re­ji ir kü­tel­ýär, eşi­diş, ta­ga­my du­ýuş we ys alyş uky­by gör­ne­tin pe­sel­ýär. Çi­lim­keş­le­riň ça­ga­la­ry­nyň ara­syn­da do­ga­bit­di nä­saz­lyk­lar, dür­li ke­mis­lik­ler bi­len do­gul­ýan­la­ry hem duş gel­ýär.

Ada­myň be­de­nin­de çi­li­miň zä­her­leý­ji tä­si­ri­ne du­çar bol­ma­ýan ag­za ýok­dur. Bü­tin­dün­ýä Sag­ly­gy Go­ra­ýyş Gu­ra­ma­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, çi­lim­keş­lik ömür ta­na­py­nyň wag­tyn­dan ir üzül­me­gi­ne ge­tir­ýän se­bäp­le­riň bi­ri­dir. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýe­rip ýa­şa­ýan maş­ga­la­da­ky adam­lar çi­lim çek­ýän maş­ga­la­da­ky­la­ra se­re­de­niň­de bir­nä­çe ýyl uzak ýa­şa­ýar.

Aýnabat ANNAGELDIÝEWA
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby