Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň binýady iň oňat dünýä tejribesi we halkymyzyň gadymdan gelýän milli däp-dessurlary esasynda berkidilýär. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda möhüm tapgyr — täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda her ýylyň awgust aýynda bilim-terbiýeçilik işgärleriniň maslahatynyň geçirilmegi indi asylly däbe öwrüldi.

Çagalar baglarynyň işgärleri awgust maslahatynda täze usullar, döwrebap okuw serişdeleri we çagalaryň ösüşine täsir edýän täzelikler barada pikir alyşýarlar. Şeýle duşuşyklar terbiýeçileriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga we tejribe alyşmaga uly mümkinçilik döredýär. Maslahatlaryň dowamynda çagalaryň saglygy, howpsuzlygy, döredijilik ukyplarynyň ösdürilmegi we ene-atalar bilen hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi ýaly möhüm meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Sebäbi çaganyň hemmetaraplaýyn ösmeginde bag bilen maşgalanyň bilelikdäki işi örän möhümdir.

Awgust maslahaty täze okuw ýylyna ynamly gadam basmak üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Ol terbiýeçilere täze pikirler berýär, işlerine döredijilikli çemeleşmäge ruhlandyrýar. Geçirilen usuly okuwlara we maslahatlara çagalar bakja-bagymyzyň bilim işgärleri işjeň gatnaşyp, tejribelerini artdyrmaga mümkinçilik aldylar. Geçen okuw ýylynyň oňyn netijeleri bizi bu okuw ýylynda has netijeli zähmet çekmage ruhlandyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Görnüşi ýaly, alnyp bbrylýan işler mekdebe çenli bilim-terbiýe düzümleriniň işini mundan beýläk hem kämilleşmeginiň täze menzillerini nazarlaýar. Biz bolsa Garaşsyz ýurdumyzda saýlan hünärlerimiziň hakyky eýeleri bolup yhlasly zähmet çekmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Bilim ulgamynyň ähli wekillerine bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň baýram edilýän ýylynda gadam basylýan täze okuw ýylynda uly zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.

Jeren BAGABEKOWA,
Daşoguz şäheriniň 9-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.