«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýene-de bir täze okuw ýylynyň başlanmagyna az salym galdy. Nobatdaky 2026-2027-nji okuw ýylyna ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýokary derejede taýýarlyklar görüldi. Geçen okuw ýylynyň üstünlikleri, ruhlandyryjy sepgitleri bilen täze okuw ýylyna girişmekde biziň çagalar bakja-bagymyzda hem degişli işler alnyp barylýar.

Zähmete höwes hem-de hünäre bolan belent söýgi döwrümiziň eşretleri, körpe nesilleriň geljegi üçin döredilýän şertleriň netijesidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik işgärleriniň has netijeli we tutanýerli zähmet çekmeklerine gönükdirilen mümkinçilikler, pedagogik işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmäge niýetlenen döwrebap şertler bizi täze zähmet üstünliklerine iterýär.

Çagalar bakja-bagymyzda täze okuw ýylyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde ähli pedagogik, usuly-guramaçylyk işleri bilen bir hatarda sanlylaşdyrylan mümkinçilikleri ykjam peýdalanmaga aýratyn üns berdik. Çünki körpelerde döwrebap bilimleri we başarnyklary kemala getirmekde terbiýeçileriň, has sowatly we kompýuter bilimliligi möhüm bolup durýar. Şu nukdaýnazardan sanly bilim ulgamyny işjeň durmuşa ornaşdyrmak babatdaky ýörelgelerden ugur alyp çagalar bakja-bagymyzda okatmagyň usulyýetini mundan beýläkde kämilleşdirmek biziň esasy maksatlarymyzyň biri bolmagynda galýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Nesilleri watansöýüjiligiň belent ruhunda terbiýelemekde, olaryň sagdyn we berk bedenli, milli ruhda kemala getirilmeginde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri bize ýol-ýörelgedir. Nesil terbiýesi ýaly asylly işlerde we watansöýüjilikde bize belent nusga bolýan Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli bagtyýar çagalaryň, ata-eneleriň we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň alkyşlary egsilmezdir.

Mähri ORAZOWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.