Ýaňy-ýakynda 2026-2027-nji okuw ýylynyň bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlary, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça hem guramaçylykly geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» atly şygar bilen pedagogik işgärleriň gatnaşmagynda geçirilen usuly-amaly okuwlaryň guralyşy we netijeleri barada etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň çykyşlarynda hem buýsanç bilen bellenilýär. Sebäbi bu pedagogik çäre hünärleri kämilleşdirmekde, tejribeleri özleşdirmekde we öňde duran usuly wezipeleri amala aşyrmakda örän ähmiýetlidir.
Umyda KERIMOWA,
Baýramaly şäher bilim bölüminiň baş hünärmeni, TDP-niň işjeň agzasy:
― Mälim bolşy ýaly, bu okuwlar tejribeli pedagogik işgäriň kärdeşlerine kömek bermek, ýаş hünärmene halypalyk etmek, okatmagy utgaşdyrmak, bilim edarasynyň ýolbaşçylaryna goldaw bermek ýaly goşmaça işleriň ýola goýluşy we alnyp barlyşy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda okuw-terbiýeçilik ulgamynyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak üçin alnyp barylýan işler, çagalaryň jan saglygynyň goralmagy, çagalaryň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn ösmegi, döwrebap terbiýe almagy, başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlygynyň hiliniň ýokarlandyrylyşy babatda ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, Baýramaly şäheriniň degişli bilim edaralarynyň bilim işgärleriniň usuly-amaly okuwlarynda baý tejribeli, öz kärine ussat, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçil guraýan, döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli boldy. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilip, olar boýunça anyk netijelere gelindi we teklipler öňe sürüldi. Şeýle-de okuwlaryň geçirilýän ýerleri usuly taýdan bezelip, okuw görkezme esbaplaryň, köpugurly serişdeleriň, okatmagyň usulyýetini döwrebaplaşdyrmakda sanly maglumat gorlaryň, gazanylan üstünlikleriň, nusgalyk iş depderleriň we resminama bukjalarynyň gözden geçiriliş sergileri guraldy.

Bägül REJEPOWA,
Sakarçäge etrap bilim bölüminiň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy:
― Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik işini kämilleşdirmäge, mugallymlaryň we terbiýeçileriň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan hem bu ýylda geçirilen awgust usuly-amaly okuwlaryna hem netijelilik mahsus boldy. Etrabymyzyň çagalar bakja-baglarynyň bilim işgärleri we şepagat uýalary üç günläp dowam eden usuly-amaly okuwlarda degişli temalary işjeň özleşdirdiler. Şunda döwlet bilim syýasatyndan, milli kanunçylygymyzdan, döwlet Maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmekde, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we mekdebe taýýarlamak babatda pedagogik usullara eýermekde, täze tehnologiýalary peýdalanmakda we nazary bilimleri amaly taýdan özleşdirmekde baý mazmunly çykyşlar diňlendi. Usuly-amaly okuwlarda Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň nesil terbiýesindäki orny, mugallymlar we terbiýeçiler üçin gymmatly gollanma hökmünde peýdalanylýandygy aýratyn bellenildi. Munuň özi pedagogik ussatlygyň syýasy we hünär babatda kämilleşdirilmeginde we nesil terbiýesinde iň ygtybarly çeşmelere esaslanylýandygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, döwrümiziň ruhy güýji we döredilýän giň mümkinçilikler täze okuw ýylyny ynamly garşylamaga itergi berýär.

Ogulaman ORAZMYRADOWA,
Türkmengala etrap bilim bölüminiň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy:
― Awgust aýynyň 17-18-19-na bu okuwlar meýilnamalaýyn tertipde guralyp, oňa biziň etrabymyzda hem işjeňlik mahsus boldy. Usuly-amaly okuwlarda edilen nazary çykyşlar hem-de amaly pursatlar täze okuw ýylyna görülýän pedagogik taýýarlygyň derejesini has-da artdyrdy. Çagalar bakja-baglarynyň müdirleriniň, terbiýeçi-usulyýetçileriniň, şepagat uýalarynyň, ýaş aýratynlykly toparlar boýunça terbiýeçileriň, daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň we aýdym-saz ýolbaşçylaryň usuly birleşmeleriniň agzalary bu okuwlarda dürli temalar boýunça çykyşlar etdiler. Nazary çykyşlarda elektron görkezme serişdeleri ulanylyp, temalaryň has netijeli özleşdirilmegi gazanyldy. Amaly pursatlarda çagalaryň çykyşlaryna, terbiýeçilik we okuw işiniň aýratynlyklaryna syn edildi.

Pedagogik işgärleriň özara sowal-jogap alyşmalary, täze tejribeler babatda teklipleri usuly-amaly okuwlaryň mazmunyny has-da artdyrdy. Şeýle okuwlar bilim işgärleriniň hünärine bolan söýgüsini artdyrmakda, ýaş hünärmenleri ýetişdirmekde, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde, öňdebaryjy iş tejribeleri ýüze çykarmakda we öwrenmekde örän ähmiýetlidir. Geljekde şeýle pedagogik çärelerde öwrenilenler okuw ýylynyň dowamynda okuw-terbiýeçilik işlerine ornaşdyrylmagy täze üstünlikleriň gazanylmagyna täsir eder.
Bahar ATAÝEWA,
Oguzhan etrap bilim bölüminiň hünärmeni, TDP-niň işjeň agzasy:
― Bilim işgärleriniň awgust usuly-amaly okuwlaryna biziň etrabymyzyň bakja-baglarynyň ýolbaşçylary, terbiýeçi-usulyýetçileri, terbiýeçileri, mugallymlary, şepagat uýalary hem ruhubelentlikde gatnaşyp, usuly çäräniň geçirilýän ýeri pedagogik baýramçylyk ruhuna eýe boldy. Etrabymyzyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň elde ýasan esbaplary, döredijilikli taýýarlan taslamalary gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Sergi meýdançasynyň merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleriniň ýerleşdirilmegi onuň mazmunyna aýratyn many berdi. Gün tertibine laýyklykda okuwlar usuly we amaly tapgyrda dowam edip, nazary çykyşlardan soň, öwrenilen maglumatlar amaly taýdan berkidildi. Şunda okuw maksatnamasy boýunça geçilýän sapaklardan pursatlara, rus dilinde, iňlis dilinde göwnaçmalara orun berildi. Körpeleriň döredijilikli çykyşlary terbiýeçileriň we aýdym-saz ýolbaşçylaryň işiniň hiline göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Şepagat uýalary çagalaryň jan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we lukmançylyk çäreleri babatda degişli temalar boýunça pikir alyşdylar. Hünäri kämilleşdirmek bilen birlikde bu okuwlaryň usuly birleşmeleriň işini netijeli guramaga hem mümkinçilik berýändigini bellemek maksadalaýykdyr.

Bahar AKMYRADOWA,
Garagum etrap bilim bölüminiň hünärmeni, KA-nyň işjeň agzasy:
― Nesil terbiýesi we onuň bilimi babatdaky iş hemişe ösüşi talap edýär. Şoňa görä-de, pedagogikada we usulyýetde kämilleşmek möhüm bolmagynda galýar. Geçen okuwlarda hem üstünde işlenilen temalar, syn edilen pursatlar we gözden geçirilen okatmagyň tärlerine degişli serişdeler täze teklipleriň ýze çykmagyna itergi berdi. Şunda Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan we Mekdebe çenli Döwlet bilim standartyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmegiň ugurlaryna degişli öňe sürlen täze başlangyçlar täze okuw ýylynda üstünlikli durmuşa geçiriler. Bu bolsa geljekde hem çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy, okatmagyň usulyýeti, pedagogik tejribeleri artdyrmagyň geljegi babatda täze üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berer.
***
Çykyşlarda hem görnüşi ýaly, geçirilen usuly-amaly okuwlar welaýatymyzyň mekdebe çenli bilim-terbiýe düzümleriniň işini mundan beýläk hem kämilleşmeginiň täze menzillerini nazarlaýar. Biz bolsa Garaşsyz ýurdumyzda saýlan hünärlerimiziň hakyky eýeleri bolup yhlasly zähmet çekmäge gönükdirilen şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin Alym Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Bilim ulgamynyň ähli wekillerine bolsa şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň baýram edilýän ýylynda gadam basylýan täze okuw ýylynda-da uly zähmet üstünliklerini arzuw edýäris.
Taýýarlan Ogulgerek ABDYLLAÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň bölüm başlygy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.