Täze okuw ýylynyň başlanmagy çagalar baglarynyň durmuşynda möhüm döwürleriň biridir. Bu döwürde terbiýeçiler çagalaryň rahat we şatlykly ýagdaýda täze gurşawa uýgunlaşmagy üçin giňişleýin taýýarlyk işlerini geçirýärler. Toparlaryň otaglary bezelen, okuw serişdeleri täzelenen we çagalar üçin amatly şertler döredilen ýagdaýda bolmalydyr.

Taýýarlyk işleriniň esasy maksady çagalaryň bilim almaga bolan höwesini artdyrmak, olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekdir. Terbiýeçiler dürli oýunlar, söhbetdeşlikler we gyzykly çäreler arkaly çagalaryň täze okuw ýylyna bolan gyzyklanmasyny güýçlendirýärler. Täze okuw ýyly diňe bir çagalar üçin däl, eýsem terbiýeçiler üçin hem täze maksatlaryň başlangyjydyr. Her bir terbiýeçi çagalaryň şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, olaryň sagdyn ösmegi we terbiýelenmegi üçin netijeli usullary saýlamalydyr.

Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik ojaklarynda bolşy ýaly, biziň hem çagalar bakja-bagymyzda täze okuw ýylyna ykjam taýýarlyk görüldi. Tomus sagaldyş möwsümini üstünlikli jemläp, okuw ýylyna taýýarlyk görmekde abadanlaşdyryş, iş resminamalaryň taýýarlanylyşy, bezeg işiniň ýerine ýetirilişi, iş meýilnamalaryň düzülişi we beýlekiler babatda pedagogik we guramaçylyk işleri alnyp baryldy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda täze okuw möwsümine girişmek bilen, biz watansöýüji nesillerimizi parahatçylyk we ynanyşmak ruhunda terbiýelemek, olara watançylyk düşünjesini we onuň gadyr-gymmatyny wagyz etmek babatda hem okuw-terbiýeçilik işlerini has netijeli alyp barmaga çalşarys.

Ogulnyýaz ARAZMYRADOWA,
Daşoguz şäheriniň 23-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.