Ýurdumyzda körpe nesillerimiz üçin döwrebap çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesi gurlup, ulanylmaga berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz biziň döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, ylym-bilim başarnyklarymyzy has-da artdyrmagymyz, döwrebap tehnologiýalardan kämil baş çykarmagymyz hakynda yzygiderli alada edýär. Biz şeýle aladalary elmydama duýup ýaşaýarys. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy hem ýaşlar hakyndaky aladanyň anyk güwäsidir.
Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak babatdaky işler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nahal» hojalyk jemgyýeti tarapyndan yzygiderli ýerine ýetirilip gelinýär. Ýeri gelende, bu hojalyk jemgyýetiniň Diýarymyzyň gündogar sebitinde ozal hem iri gurluşyk taslamalarynyň birnäçesini üstünlikli amala aşyrandygyny bellemek gerek.
2023-nji ýylyň sentýabr aýynda gurluşygyna badalga berlen institutyň täze binalar toplumy şu ýylyň 1-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açylar. Tutýan meýdany 26 gektar çemesi bolan bu döwrebap desgada alnyp barylýan depginli işler bu maksada üstünlikli ýetiljekdigine ynamy artdyrýar. Binagärlik sungatynyň döwrebap we milli nusgalarynyň özara sazlaşygy esasynda gurulýan ymaratlar toplumynda talyplaryň häzirki zaman ylmynyň çuňluklaryna aralaşmaklary, medeniýetli dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertler döredilýär.
Biz ýurdumyzyň iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan institutymyzyň täze gurulýan binalar toplumyny her gezek begenç hem buýsanç bilen synlaýarys. Çünki Türkmenabat şäherimiziň gündogarynda peýda bolan täze binalar toplumy giden bir şäheri ýatladyp, günsaýyn gözel keşbe girýär. ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at myradyň mekany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna hem-de täze okuw ýylyna ajaýyp sowgat bolar.
Gadam SEÝLIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Pedagogika fakultetiniň başlangyç bilimiň mugallymçylygy we psihologiýasy hünäriniň 504-nji toparynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.