Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda her ýylyň 25-nji maýynda okuw ýyly tamamlanýar we maý aýynyň 26-syndan sentýabr aýynyň 1-ine çenli tomus sagaldyş möwsümi dowam edýär. Şunuň bilen baglanyşykly «Türkmenistanyň döwlet mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tomus sagaldyş möwsümi üçin gün tertibine» we çagalar bakja-bagynyň ýyllyk iş meýilnamasyna laýyklykda, tomus sagaldyş möwsüminiň işi guralýar.
Tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen guralýan beden taplama çäreleri tassyklanylan gün tertibine hem-de taplama çärelerini geçirmegiň usullary esasynda her gün, günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Çagalar bilen açyk howada beden taplama çäreleri gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň we gyzyklanma çäreleriniň çäginde geçirilýän dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Çagalar bagynyň oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite taplama ýodajyklarynda çagalar bilen açyk howada gezelenç çäreleri alnyp barylýar.
Çaganyň durmuşa taýýarlygyny, beden we ahlak taýýarlygyny, şeýle-de kommunikatiw (çagalaryň ýakynlary we beýleki çagalar bilen bilelikde oýnamak, meşgullanmak) endiklerini tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen guralýan dürli gyzyklanma we göwnaçma çäreleriniň, aýdym-sazly çykyşlaryň, hereketli we many-mazmunly oýunlaryň, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlaryň, bäsleşikleriň üsti bilen kämilleşdirmek ýola goýulýar. Şunda çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp, «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsüminde geçirilýän gyzyklanma çäreleriniň mysaly tertibi» taýýarlanylýar. Şoňa laýyklykda körpeler bilen hereketli oýunlar, aýdym-sazly göwnaçmalar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar, ertekiler dünýäsine gezelenç ýaly gyzyklanma çäreleri hepdäniň dowamynda gezekleşdirilip guralýar.
Bu işleriň ählisi ýurdumyzyň ýagty geljegi bolan ýaş nesilleriň manyly dynç almaklary, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň beýanydyr. Goý, körpe nesilleriň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jahan KULMURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, m.w.w.ý.ý.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.