Süýt we  süýt önümleri adam  organizmi üçin ýokary kaloriýaly  we çalt siňýän iýmitdir. Olarda adam organizmi üçin hemme gerek bolan witaminler we mineral maddalar bar. Emma süýt we süýt  önümleri çalt zaýalanýan önümlere degişli. Ýerli halk  öz ýaşaýan howa şertlerine baglylykda  durumly  süýt önümlerini ýaz-tomus aýlary gyş döwri üçin öndürip goýupdyrlar.

Meselem,  sygyr süýdinden saryýag, goýun-geçi süýdinden gurt we peýnir, sargan we başga önümler öndürilip, gyş paslynda iýiljek iýmitiň gory ýygnalypdyr.

    Saryýag taýýarlanylanda ilki süýt uýadylýar, soňra gatyk edilýär, gatygy ýanlykda ýaýyp, ondan mesge alynýar. Mesge ýagy yssy howa şertlerine durumsyz bolýar, sowadyjylar bolmasa uzak saklanmaýar. Şoňa görä-de mesgäni gaýnadyp ondan saryýag taýýarlanypdyr. Saryýagyň düzüminde 98 göterime çenli ýag bolýar, çyglylygy 1 göterim, ýagsyz gury galyndy 1 göterim. Şonuň üçin saryýagy saklamak üçin aýratyn  gaplar ulanylypdyr. Şeýle gaplarda saklanýan saryýag köp wagtyň dowamynda zaýalanmaýar. Saryýagda süýt ýagynyň tagamy gowy duýulmaly  we eredilen ýagdaýynda dury, arassa bolmaly. Reňki birsydyrgyn sary we agymytyl sary bolýar. Halk arasynda ýyl aşan saryýag derman hökmünde hem ulanylýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

    Gurt – süzmäni guradyp, taýýarlanýan gury, süýtturşy önüm. Gurdy gaýnadylan sygyr, goýun ýa-da geçi süýdinden, şeýle hem, olaryň garyndysyndan  we ýagy aýrylan süýtden ýa-da aýrandan taýýarlaýarlar. Süzme taýyn bolandan soň ony gowy duzlaýarlar we  oňat edip garýarlar. Soňra duzlanan we azowlak  gatan süzmeden köke ýa-da togalak görnüşli şekilleri ýasamaly, olaryň agramy 40-60 gram töweregi bolýar. Şekil berilen gurtlary güniň aşagynda ýa-da kölegede 2-3 güniň dowamynda mazaly  gurap gataýança serip goýmaly.

       Sargan-  guradylan süýt önümlerine degişlidir. Bu önümi taýýarlamak üçin ilki süýt uýadylyp, ýuwan gatyk edilýär, soňra gatygy gazana guýup, ýuwaşlyk bilen gaýnadyp başlamaly. Önümiň suwy doly bugaryp gidýänçä gaýnatmaly. Önüm taýýar bolandan soň ony arassa gury halta salyp çygsyz ýerde asyp goýmaly. Guradylan süýt önümi suwda eredip, iýmit üçin ulanylýar. Önümiň çyglylygy takmynan 5-6, ýaglylygy 20 göterim töweregi bolmaly.

Laçyn  SARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň   
Agrosenagat orta hünär okuň mekdebiniň mugallymy