Suw Ýer ýüzündäki ähli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň we adamyň ýaşamagy üçin iň esasy zatdyr. Ol ýaşaýşyň gözbaşy hem-de bütin adamzat taryhynyň, medeniýetleriniň we siwilizasiýalaryň kemala gelmeginde iň esasy kesgitleýji şerti bolup durýar.

Ynsanlar hemişe suw çeşmeleriniň golaýynda mekan tutupdyrlar, sebäbi suwsuz durmuşy we hojalygy göz öňüne getirmek mümkin däl. Dünýä taryhyndaky ilkinji we iň ösen siwilizasiýalar diňe uly derýalaryň boýunda döräpdir we gülläpdir. Şonuň üçin taryhçylar olara «derýä siwilizasiýalary» diýip at berýärler.

Türkmenistanyň çäklerindäki gadymy medeniýetler hem suw çeşmeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Gurak we çöl zolagynda ýaşan ata-babalarymyz suwy tygşytly dolandyrmagyň üýtgeşik usullaryny tapypdyrlar. Olar dag eteklerinden suwy ýerasty geçelgelerden akdyryp getirýän käriz ulgamlaryny döredipdirler.  Halk arasynda giňden ýaýran «Suw damjasy – altyn dänesi» ýa-da «Ýer – hazyna, suw – göwher» ýaly nakyllar hem türkmen halkynyň asyrlar boýy suwa keramat hökmünde garandygyny we onuň her bir damjasyny altyna deňändigini görkezýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Häzirki wagtda dünýäde howanyň üýtgemegi we daşky gurşawyň hapalanmagy sebäpli süýji suw gorlarynyň azalmagy uly mesele bolup durýandygy üçin, suwy tygşytly ulanmak, akabalary arassa saklamak we damjalaýyn suwaryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurdaky tagallalar geljekki nesillere galdyrmaly iň gymmatly hazynamyzy — suwy tygşytly ulanmakda örän ähmiýetlidir.

Tyllagül GYLLYÝEWA

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby