Häzirki zaman bilim ulgamynda ýaşlaryň diňe bir nazary bilimli däl, eýsem, fiziki taýdan berk we sagdyn bolup ýetişmekleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda baýry ýokary okuw mekdebi bolan Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hünärmenleri taýýarlamakda we sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde nusgalyk işleri durmuşa geçirýär.
Biziň bilim ojagymyzda Bedenterbiýe hünäri boýunça bilim alýan talyp ýaşlar sportuň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli amaly okuw sapaklaryny geçýärler. Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan ýörite okuw maksatnamasyna laýyklykda, talyp ýaşlar «Bedenterbiýäniň, sportuň nazaryýeti we usulyýeti», «Woleýbol we ony okatmagyň usulyýeti», «Gimnastika we ony okatmagyň usulyýeti», «Ýeňil atletika we ony okatmagyň usulyýeti», «Futbol we ony okatmagyň usulyýeti», «Basketbol we ony okatmagyň usulyýeti», «Sportuň saýlanan görnüşleriniň nazaryýeti we usulyýeti», «Ýüzmek we ony okatmagyň usulyýeti», «Umumy we sport fiziologiýasy» , «Halkara sport hereketleri», «Fiziki maşklaryň gigiýenasy» ýaly möhüm dersleri düýpli özleşdirýärler.
Bu dersler talyplara diňe bir sportuň tilsimlerini däl, eýsem, ony geljekki nesillere nädip dogry okatmalydygynyň usullaryny hem öwredýär. Şeýle hem institutymyzyň ähli hünärlerinde okaýan talyp ýaşlara hem okuw meýilnamasy esasynda ýörite amaly sapaklar geçilýär. Bu bolsa ýokary okuw mekdebimiziň ähli talyplarynyň fiziki taýdan işjeňligini üpjün edýär.
Aýratyn bellemeli pursat, institutymyzda sportuň «Woleýbol» görnüşi boýunça ýörite ýygyndy topary hereket edýär. Bu toparyň türgenleşikleri yzygiderli alnyp barlyp, olar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geçirilýän sport bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Woleýbol oýny ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň köp söýülýän we meşgullanylýan sport görnüşleriniň biridir. Bu oýun boýunça döwlet derejesinde geçirilýän ýaryşlara gatnaşýan türgenleriň we ýygyndy toparlaryň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa sözümiziň doly subutnamasydyr. Şeýlelikde, biziň institutymyz sagdyn nesilleri terbiýelemekde we türkmen sportunyň ösmeginde öz mynasyp ornuny saklaýar.
Batyrmyrat MUHAMMEDOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.