Sony Snapdragon 8 Elite çipi bilen gelen Xperia 1 VII flagman smartfonyny hödürledi, ol öňki model bilen deňeşdirilende prosessor, grafik we neýron ulgamlarynyň öndürijiliginiň 40% ýokarlandyrylmagyna söz berýär.

Smartfon 1080p çözgütli we 120 Hz täzelenme tizligini goldaýan 6,5 dýuým OLED ekranyny hem-de zarýad bermezden iki güne çenli işläp bilýän 5000 mAh batareýany aldy.

Xperia 1 VII-niň esasy kamerasynda ekwiwalent fokus aralyklary 24 mm we 48 mm bolan täze Exmor T datçigi ulanylýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Şeýle hem ultra giň burçly modul gowulandyryldy – indi bu 48 MP kamera bolup, optiki formaty 1/1.56 dýuým, geçen ýylky model bilen deňeşdirilende iki esse uludyr. Mundan başga-da, enjam ýokary derejeli jikme-jiklik bilen surata düşürmek üçin 85-170 mm teleobyektiw aldy.

Smartfon Ýewropada €1499 bahasy bilen, 12 GB RAM we 256 GB içerki saklaýyş bilen elýeterlidir. 16 GB RAM we 512 GB saklaýyş bilen wariantlar Aziýa bazary üçin eksklýuziv bolar.