«Dyson» kompaniýasy dişlerde doly arassalanmadyk ýerleri özbaşdak kesgitläp, şol böleklere suw akymyny gönükdirýän we ähli maglumatlary smartfona geçirýän täze diş çotgasyny hödürledi.

Çotgada ýerleşdirilen kamera sekuntda 28 kadry seljerip, dişleriň arasyndaky arassalanmadyk boşluklary anyklaýar. Ulgam 0,1 sekunddan hem az wagtyň içinde şol ýerlere arassalaýjy serişdesiniň akymyny gönükdirýär.

Täze enjam dişleriň 470 müň sany şekili esasynda öwredilen emeli intellekt ulgamy bilen işleýär. Onuň programma üpjünçiligi bolsa takmynan 16 million setir kody öz içine alýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Täze diş çotgasynyň bahasy 499 dollar bolup, onuň satuwy 1-nji sentýabrdan başlandy.

«THE ASHGABAT TIMES».