ABŞ-nyň «OpenAI» kompaniýasy täze GPT-6 Astra emeli aň modelini hödürledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berildi.

«OpenAI» GPT-6 Astra modelini dünýäniň iň akylly modeli diýip häsiýetlendirdi. Kompaniýanyň bellemegine görä, täze model programma üpjünçiligini işläp taýýarlamak, kiberhowpsuzlyk, ylym we beýleki birnäçe ugurlarda öňdebaryjy mümkinçiliklere eýe.

«Bu model kompýuterler we brauzerler bilen işlemek ulgamynda hem täze standartlary döredýär. Ol iň çylşyrymly hünär meselelerini görlüp-eşidilmedik tizlik, takyklyk we pikirlenmek ukyby bilen ýerine ýetirip bilýär» diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

GPT-6 Astra beýleki mümkinçilikleri bilen bir hatarda onlaýn görnüşleri doldurmak, CRM ulgamlarynda müşderiler baradaky maglumatlary täzelemek, senenamany dolandyrmak, internetde gözleg geçirmek, elektron hatlary gysgaça jemlemek we ylmy maglumatlary seljermek mümkinçiliklerine eýe. Şeýle hem model oýunlary, web-saýtlary, resminamalary we tanyşdyryş materiallaryny döredip bilýär.

«THE ASHGABAT TIMES».