22–26-njy awgust aralygynda Hytaýyň paýtagty Pekinde gumanid (adam şekilli) robotlaryň arasynda dünýä derejesindäki sport ýaryşlary geçiriler.
«eWeek» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu ýaryşlara 666 topar we jemi 2056 robot gatnaşar.
Ýaryşyň maksatnamasyna futbol hem-de top bilen baglanyşykly dürli oýunlar ýaly 30 sport ugry girizildi. Mundan başga-da, robotlar 21 sany amaly ugur boýunça hem bäsleşer. Olaryň arasynda senagat önümlerini ýygnamak we öý hyzmatlaryny ýerine ýetirmek ýaly wezipeler bar.
Gatnaşyjylar üçin türgenleşik geçirmek we robotlary zarýadlandyrmak üçin ýörite «robot öýleri» hem döredildi. Gumanid robotlaryň arasynda ilkinji şeýle oýunlar Pekinde 2025-nji ýylyň awgust aýynda geçirilipdi.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.