Hytaýly işläp taýýarlaýjylar Olimpiýa çempiony Usain Boltdan has çalt ylgap bilýän we häzirki zaman ýeňil atletikaçylaryndan ýokarrak böküp bilýän täze gumanid (adam şekilli) roboty — «Unitree Superman» tanyşdyrdylar.

Bu barada Hançjou halkara ylym we tehnologiýa innowasiýa merkeziniň wekilleri sosial ulgamlarda habar berdiler.

Robotyň iň ýokary tizligi 45 km/sagada ýetýär. Bu görkeziji dünýäniň iň çalt ylgaýjylarynyň biri bolan Usain Boltyň 44,7 km/sagatlyk rekord görkezijisinden hem ýokarydyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Mundan başga-da, gumanid robot dik ýagdaýda duran ýerinden 2 metrden gowrak aralyga böküp bilýär.

Prototipi döretmek işleri üç aýdan gowrak wagt dowam etdi. Taslamany taýýarlaýjylar robotyň häzirki görnüşiniň heniz soňky wersiýa däldigini we ony has-da kämilleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Öndürijiniň maglumatyna görä, «Unitree Superman» şu hepdäniň ahyrynda Pekinde geçiriljek robotlaryň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşar.

«THE ASHGABAT TIMES».