Dogrudan hem, bu günki gün «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen beýik şygar bilen türkmen halkyny aýdyň geljege sary ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda türkmen halkynyň her bir güni belent maksatly, uly tutumly işleri bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplarda ebedilik ýazylýar. Geçmişden geljege uzaýan şöhratly taryhymyzyň waspy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Hakyda göwheri» atly kitabynda öz beýanyny tapýar.
Bu kitabyň «Taryha syýahat» atly birinji babynyň birinji bölümi «Taryh şu ýerden başlanýar» diýlip atlandyrylmagy ýönelige däldir. Ynsan ömrüniň gymmaty durmuşymyzy bezeýän, many-mazmun bilen gurşaýan amal eden ýagşy işlerimiz bilen ölçelýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz: «Eziz halkymyzyň ykbaly beýiklikler bilen baglanyşýar, ajaýyplyklar bilen sazlaşýar. Ýagşy zadyň gürrüňini etmek ýagşy täsirleri oýarýar. Milli buýsanjymyzyň bir çeşmesi bolan şan-şöhratly taryhymyz hakda söz açmak hemişe-de gyzykly. Hemişe-de gerekli» diýip, juda jaýdar belleýär.
Kitabyň «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan ikinji babynda Milli Liderimiz: «Geljek — nämälimlik. Geçmiş bolsa, dolanuwsyzlyk. Bularyň aralygynda «häzirki zaman» bar. Wagt dowamlylygyna nähili many çaýylandygy şol «şu günden» görünýär» diýip belleýär. Taryhdan mälim bolşy ýaly, Gündogarda «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen aýtgy meşhur bolupdyr. Bu aýtgy türkmenleriň geçmişde beýik döwletleri gurup, döwlet dolandyryş ulgamynyň kämilligi bilen jahana ýaň salandygyny äşgär edýär. Bu kämillik üçin, elbetde, ygtybarly binýat, beýik medeniýet gerek.
Medeni-ruhy kämillik paýhasyň esasynda döreýär we kämilleşýär, nesilleri jebisleşdirýär we birleşdirýär. Şonuň üçin-de medeniýeti beýik halkyň taryhy hem beýikdir, şöhratlydyr. Şundan ugur alsak, Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda Änew medeniýeti, bürünç zamanynyň medeni ojaklary, Beýik Seljuklar döwri, Horezmşalar döwleti hakynda aýratyn buýsanç bilen gürrüň edilýär. Munuň özi türkmen halkymyzyň beýik medeniýetiň we taryhyň eýesidigini ýene bir ýola bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Jemläp aýdanyňda, hormatly Arkadagymyzyň bu kitabynda ruhy mirasymyzyň taryhyň çuňluklaryna uzap gidýändigine üns çekilýär. Şunda türkmen halky beýik hazynanyň — şan-şöhratly taryhyň we müňýyllyklardan aşyp gelýän belent medeniýetiň, ruhy mirasyň eýesidir. Şol gymmatlyklary gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek wajyp wezipe bolmagynda galýar. Çünki Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, «Hazyna eýesine hazynadar diýerler». Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby gymmatly hazynadyr, egsilmez baýlyk çeşmesidir, ýaş nesiller üçin nusgalyk ýol-ýörelgedir, beýik taglymatdyr, egsilmez ylham çeşmesidir.
Enejan AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän 7-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.