Skaneriň aşakdaky görnüşleri bar:

  • el skaneri,
  • barabanly skaner,
  • surat skaneri,
  • planşet skaneri.

El skaneri – bu suraty ýa-da kagyzdaky ýazgyny kompýutere geçirmek üçin el bilen süýşürilýän gurluşdyr. Bu skanerler häzir önümçi-likden aýryldy.

Barabanly skaner – bu ýeke kagyzlary çalt skanirlemek üçin hyz-mat edýän gurluşdyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Surat skaneri – bu slaýdlardan ýa-da suratyň plýonkalaryn-dan şekili kompýutere geçirmek üçin hyzmat edýan gurluşdyr. Sanly fotoapparatlaryň arzanlamagy sebäpli, bu görnüşiň hem tizden önümçi-likden aýrylmagy mümkindir.

Planşet skaneri – ýazgyly ýa-da suratly kagyzdan maglumaty şekil görnüşinde kompýutere geçirýän enjam. Onuň ölçegi dürli ululykda bolýar. Skanerler çaltlygy, hili we beýleki mümkinçilikleri boýunça bir birinden tapawutlanýarlar. Aşakdaky suratlarda Hewlett - Packard korporasiýasynyň dürli kysymly skanerleri getirilen.

Baýram ANNAMUHAMMEDOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby