Sentýabr aýynda Meksikada geçiriljek «Älem gözeli- 2024» gözellik bäsleşigine ilkinji gezek Saud Arabystanyndan hem dalaşgär gatnaşar.
Abraýly gözellik bäsleşiginde 27 ýaşly Rumi Al-Kahtani çykyş eder. Ol öz ýurdunda belli bloger we model hökmünde tanalýar, şeýle hem ene dilinden başga iňlis, fransuz dillerini gowy bilýär we ol at münmegi başarýar.

Rumi Al-Kahtani bäsleşigiň ähli tapgyrlaryny, şol sanda hammam eşikli çykyş etmek tapgyryny hem geçmegi meýilleşdirýär.
«Saud Arabystany Patyşalygynyň adyndan çykyş etmek meniň üçin uly hormat» — diýip, Ilkinji gezek bu bäsleşige gatnaşýan zenan aýdýar.

Rumi Al-Kahtani stomatologiýa boýunça bakalawr derejesine eýedigine garamazdan, model bolup işleýär. Şeýle hem, 1 million okyjysynyň bardygy onuň internet ulgamynda şahsy sahypasyny işjeň ösdürýändigini görkezýär. Bu gyz eýýäm Miss Woman SA, Miss Europe SA, Miss Planet SA ýaly gözellik bäsleşikleriniň birnäçesine gatnaşdy.






Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.