Ýur­du­myz­da bag­ty­ýar ça­ga­la­ryň berk be­den­li, sag­dyn ruh­ly bol­mak­la­ry­ny gazan­mak­da ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. To­mus­ky dynç alyş döw­rün­de ça­ga­lar bag­la­ryn­da kör­pe­le­riň aň we be­den taý­dan sag­dyn ösü­şi­ni ýo­la goý­mak işi utga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Şun­da ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­my­zyň ter­bi­ýe­çi­le­ri «Mekde­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da to­mus sa­gal­dyş möw­sü­min­de ge­çi­ril­ýän gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri­niň my­sa­ly ter­ti­bi­ne» esas­la­nyp, ýö­ri­te me­ýil­na­ma esasynda iş alyp bar­ýar­lar.

To­mus pas­lyn­da ge­çi­ril­ýän iş­ler tap­la­ma çä­re­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar. Bu işle­ri ta­la­ba­la­ýyk we göw­ne­jaý gu­ra­mak­da bi­ziň ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­myz­da öňün­den taý­ýar­lyk iş­le­ri gö­rül­di. Kör­pe­le­riň açyk ho­wa­da ge­ze­lenç et­mek­le­ri üçin ýö­ri­te meýdan­ça­lar taý­ýar­la­nyl­dy. Gü­nüň birinji ýa­ry­myn­da to­par­lar­da ir­ki maşk­lar, ir­ki geze­lenç­ler, gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri ge­çi­ril­ýär.

To­musky sa­gal­dyş möw­sü­mi­niň has ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len, biziň ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­my­zyň ter­bi­ýe­çi-usul­çy­la­ry dürli çä­releri gu­ra­ýarlar. Şo­ňa laýyk­lyk­da, kör­pe­ler bi­len guralýan «He­re­ket­li oýun­lar», «Gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri», «Aýdym-saz­ly göw­naç­ma­lar», «Duý­gu­la­ry ös­dür­mek üçin öw­re­di­ji oýun­lar» çagalaryň duý­gu­la­ry­ny ös­dü­rip, kä­mil­leş­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­lendir. Umuman, çagalar bakja-bagymyzda ge­çi­ril­ýän gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri kör­pe­je­ler­de ýa­kym­ly ýatlamalary galdyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Aýperi NURYŞOWA,
Daşoguz şäheriniň 31-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.