Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli ugurlarynda giň gerimli ösüşler gazanylýar. Şeýle ösüşleriň möhüm ugurlarynyň biri hem sanly ulgam bolup, ol döwletimiziň ykdysady, bilim, saglygy goraýyş hem-de jemgyýetçilik durmuşynyň ähli pudaklaryny öz içine alýar.

Täze taryhy döwrümizde Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalary netijesinde ýaş nesillerimiz häzirki zaman biliminiň iň ösen derejesine laýyklykda okap, sanly ulgam arkaly kämil bilim almak mümkinçiliklerinden doly peýdalanýar. Ylmyň we tehnologiýalaryň çalt depginde ösýän häzirki döwründe sanly ulgam jemgyýetçilik ösüşiniň esasy hereketlendiriji güýjüne öwrülýär. Sanlylaşdyrmak işleriniň üstünlikli alnyp barylmagy ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde, önümçilik pudaklarynda, söwda-işewürlik, ylym-bilim we hyzmatlar ulgamynda täze mümkinçilikleri açýar.

Ýurdumyzda «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron hökümet hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» ýaly möhüm kanunçylyk namalary hereket edýär. Bu kanunlar sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň, elektron hyzmatlary giňeltmegiň hem-de maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň berk hukuk binýadyny döredýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Jemläp aýdanyňda, Milli Liderimiziň hem-de döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde ýurdumyz innowasion ösüş ýoluna üstünlikli gadam goýýar. Bu bolsa ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.

Yslam GURBANMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.