Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet gurmak barada eden arzuwy bu günki gün hasyl boldy. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli, toplumlaýyn işler beýik ösüşlerimiziň taryhy sene ýazgysyna aýratyn many-mazmun, öwüşgin berip, bagtyýar halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna ynamly gadamlar, ýokary ruhubelentlik bilen barýar.

Halkymyzyň agzybirliginden, jebisliginden, zähmetsöýerliginden at-abraýy belende göterilýän ata Watanymyz bedew bady bilen öňe barýar. Her bir güni şanly wakalara beslenýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary bilen dabaralanýan ýylymyz köňüllerde ganat, ýüreklerde buýsanç döredýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy toýlanylýan şu ýylyň şygary döredijilikli zähmet çekip, öndürijilikli işleýän halkymyzy täze üstünliklere, beýik maksatlara ruhlandyrýar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşler bilen dabaralanýandygyny aýdyň görkezýär.

Täze taryhy döwürde milli bilim ulgamynyň gurluşyny döwrebaplaşdyrmaga, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, bilim işini kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler depginli dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», şeýle hem «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy dünýä tejribelerine hem-de halkara ülňülere laýyklykda tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär. Bu bolsa biz - bilim işgärlerini has-da buýsandyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Eziz Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmäge, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýynyň mundan beýläk-de dünýä ýaýylmagyna mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Şeýle beýik işleriň başynda duran Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Kemal ÝARAŞOW,
Halaç etrabynyň 9-njy orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap geňeşiniň işjeň agzasy.