TAK döredijilik synplarynyň okuwçylarynyň eserlerinden düzülen "Suratkeş teatry" sergisi Sankt- Peterburgda teatr we saz sungaty muzeýinde açyldy. Speltaklyň görünýän keşbini döredýänleriň gözleri bilen sahna dünýäsine göz aýlamak hödürlenýär. TAK sapaklary 5-18 ýaş aralygyndaky döredijiler üçin teatr, animasiýa we kino pudagyndaky hünärleri öwrenmek arkaly döredijilik intellektini ösdürýän mekdepdir. Sergide talyplaryň dürli ugurlar boýunça işleri ýagny geýimler, gurjaklar, maketlar "Sungat Artisti" we "Eşik Dizaýny" sapaklarynda edilen işleri görkezildi. Şeýle hem sergä gelýänler döredijilik işine gatnaşyjy bolup bilerler we özleriniň "Suratkeş Teatry" döretmegi öwrenerler. Sergi we ussatlyk sapaklary 7-nji aprele çenli dowam eder.
Sankt Peterburgda "Suratkeş Teatry" sergisi açyldy



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.