Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň sagdyn, berk bedenli, ruhy taýdan kämil bolup ýetişmegi barada uly aladalar edilýär. Çünki sagdyn nesil — döwletimiziň kuwwaty, maşgalanyň bagty hem-de gelejegimiziň bagtyýarlygydyr. Ýaş nesliň saglygyny berkitmekde bolsa çagalar baglarynyň, ol ýerdäki saglygy goraýyş işgärleriniň paýy örän uludyr.

Çagalar bagy — körpeleriň jemgyýete ilkinji ädimlerini ädýän, olaryň arassaçylyk we sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen tanşyp başlaýan ojagydyr. Bu ýerde körpeleriň gündelik gün tertibiniň dogry berjaý edilmegi, olaryň arassa howada gezim etmegi we beden taýdan işjeň bolmagy olaryň immunitetiniň berkemegine uly täsir edýär.

Çagalaryň saglygyny goramakda we öňüni alyş çärelerini geçirmekde körpelere ellerini dogry ýuwmagy, şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmegi endik etdirmek, olaryň witaminlere we minerallara baý iýmitler bilen öz wagtynda üpjün edilmegine gözegçilik etmek örän möhümdir. Şeýle hem howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen çagalar bagynda arassaçylyk-dezinfeksiýa işlerini yzygiderli geçirmek hem-de çagalaryň özlerini rahat, şadyýan we mähirli gurşawda duýmaklaryny üpjün etmek alnyp barylýan işleriň esasy özeni bolup durýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ene-atalar bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk etmek hem biziň esasy borçlarymyzyň biridir. Çaganyň öýde we çagalar bagynda birmeňzeş sagdyn şertlerde terbiýelenmegi olaryň fiziki we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam berýär. Biz mundan beýlägem geljegimiz bolan körpelerimiziň elmydama gülüp gezmegi, olaryň sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmekleri üçin öz bilimimizi we zähmetimizi gaýgyrmarys. Ýaş nesilleriň sagdynlygy barada yzygiderli alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys!

Laçyn DURDYÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň şepagat uýasy.