Güneşli tomus paslynyň gelmegi bilen, mekdep okuwçylary tomusky dynç alyş möwsümine çykýarlar. Bu döwürde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri üçin bolsa tomus sagaldyş möwsüminiň taplama çäreleri, gyzyklanma we göwnaçmalary ýaýbaňlandyrylýar. Bagtyýar nesillerimiziň kadaly we sazlaşykly irki ösüşini üpjün etmek, şadyýan tomsuň ruhubelentligini dabaralandyrmak, baý mazmunly çäreler arkaly ajaýyp dynç alyşy guramak, bu möwsümde çagalar baglarynyň esasy wezipesi bolup durýar.
Tomus sagaldyş möwsüminde körpeler bilen guralýan beden taplama çäreleri tassyklanylan gün tertibine hem-de taplama çärelerini geçirmegiň usullary esasynda her gün, günüň birinji ýarymynda geçirilýär. Çagalar bilen açyk howada beden taplama çäreleri gün tertibinde göz öňünde tutulan irki maşklaryň, gezelençleriň we gyzyklanma çäreleriniň çäginde geçirilýän dürli hereketli oýunlaryň üsti bilen amala aşyrylýar. Çagalar bagynyň oýun meýdançalarynda taplama çärelerini geçirmek üçin taýýarlanylan ýörite taplama ýodajyklarynda çagalar bilen açyk howada gezelenç çäreleri alnyp barylýar.
Türkmenistan bagtyýar çagalaryň iň arzyly isleg-arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hasaplanylýar. Bagtyýar nesilleriň gülki sesleri parahatçylygyň, abadan durmuşyň we altyn geljegiň alamaty bolup durýar. Şoňa görä-de, nesil terbiýesi we olaryň sagdyn ösüşi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan ajaýyp mümkinçilikleri Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr» diýen sözleri bolsa ýurdumyzyň körpe nesline aýratyn sarpa hem-de alada bilen garalýandygyny görkezýär.
Döwrümiziň şeýle buýsançly hakykaty çagalar bagymyzda tomus möwsüminde geçirilýän taplama çäreleriniň keşbinde hem aýdyň şöhlelenýär. Şeýle ajaýyp mümkinçilikler we bagtyýar durmuş üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar bolsa tutuş halkymyzyň, şol sanda bagtyýar çagalaryň kalbyndan hem uly joşgun bilen zybana gelýär.
Mähri ATAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.