Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaş nesilleri döwrebap ruhda kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda, şol sanda ýokary okuw mekdeplerinde ähli okuw dersleri bilen bir hatarda, rus dili sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmek hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini gazanmak ugrunda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, biz hem ýokary okuw mekdebimizde rus dili sapaklaryny netijeli guramaga çalyşýarys. Sapaklarda okuw maksatnamasy esasynda geçilýän temalary özleşdirmekde innowasion usullardan işjeň peýdalanýarys. Rus dilini we edebiýatyny okatmagyň milli we häzirki zaman usuly ýörelgelerini peýdalanyp, ýaşlaryň rus dilinde ýazmak, okamak, gürlemek endiklerini kämilleşdirýäris.

Sapaklary integrirlenen usullarda geçmäge, elektron görkezme serişdelerinden peýdalanmaga we täze tejribeleri öwrenmäge işjeň çemeleşmek bilen, döwlet maksatnamalaryndan, konsepsiýalardan gelip çykýan wezipeleriň hem durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarys. Şeýle-de nazary sapaklarda öwrenilenleri, degişli çäreleriň üsti bilen berkidip, maksadalaýyk özleşdirýäris.  Çünki zamanamyzyň özgermegi, jemgyýetiň ösmegi giň düşünjeli, dost-doganlyk we daşary syýasat babatda bilimli nesilleriň kemala gelmegine şert döredýär. Şu nukdaýnazardan hem daşary ýurt dillerini, esasan hem, iňlis we rus dillerini öwrenmek milli bilim syýasatynyň esasy ugurlary hökmünde ösdürilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Häzirki wagtda rus dilini okatmagyň we ýaşlara dil öwrenmäge höwes döretmegiň ýörgünli iş tejribelerini özleşdirip, hünärlerimizi kämilleşdirmäge hem uly üns berýäris. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri bize iň ygtybarly we ýokary ähmiýetli gollanmalar bolup durýar. Taryhy zamanamyzda döwrebap bilim-terbiýeçilik işlerini geçirmek, hünär babatda kämilleşmek üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.

Merjen HUDAÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň rus dili mugallymy.