Gurban baýramy adamlaryň kalbynda birek-birege bolan mähribanlygy, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürýän baýramdyr. Onuň köklerini gadymyýetden alan däpleri uly-kiçiniň ruhubelentligini goşalandyrýar, ulus-ili bir saçagyň, bir ojagyň başynda jemleýär. Ata-babalarymyzyň şeýle ajaýyp däp-dessurlaryny dowam edýän halkymyzyň Gurban baýramyny giňden we şatlykly belläp geçmegi bu mukaddes baýramyň türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýandygyny bütin aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Gözbaşy müňýyllyklara uzaýan Gurban baýramynyň baý öwüşginli dabaralary eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, watansöýüjilik duýgusyny has-da belende göterýär. Şoňa görä-de, bu baýramda iň gowy tagamlar taýýarlanýar. Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilen gök we bakja önümleri, dürli ir-iýmişlerdir miweler desterhanlarymyzy has-da baýlaşdyrýar. Her dürli süýjüliklerden goňşy-golama, dogan-garyndaşa uly hormat bilen dadyrylýar.
Gurban baýramynyň tapawutly milli aýratynlyklarynyň ýene-de biri hiňňildik uçmakdyr. Hiňňildikleriň töwereginde ýörite aýdym-sazly çykyşlaryň guralmagy bolsa ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Munuň özi baýramçylyklara mahsus bolan milli ýörelgelerimiziň dowam etdirilýändiginiň beýanydyr. Şonuň üçinem türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna kybap gelýän Gurban baýramy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giňden dabaralandyrylyp, milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanýandygynyň ýene-de bir ajaýyp subutnamasyna öwrüldi.
Milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýup, ýurdumyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Gunçagül AHMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Halaç etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.