«Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýän Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi tä­sir­li wa­ka­la­ry bi­len oňa gat­na­şy­jy­lar we äh­li wa­tan­daş­la­ry­myz üçin ýat­da ga­ly­jy baý­ram­çy­ly­ga öw­rül­di. Me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň hem-de Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şyg­ry­ýet gü­nü­ne ga­bat­la­nyp ge­çi­ril­ýän bu giň ge­rim­li dö­re­di­ji­lik çä­re­si­niň esa­sy mak­sa­dy türk­men hal­ky­nyň ru­hy-me­de­ni mira­sy­ny, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny wa­gyz et­mek­den yba­rat­dyr.

2013-nji ýyldan bäri yzygiderli guralýan medeni forum umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna uly goşant goşan halkymyzyň taryhy-medeni mirasy bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berip, ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýär. Ol döredijilik işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ilatyň medeni derejesini artdyrmaga itergi berýär. Bu döredijilik baýramy şanly waka hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhynda mynasyp orun eýeleýär. Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri Medeniýet hepdeligini nobatma-nobat kabul etmek bilen, Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini, döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar.

Hepdeligiň çäklerinde geçirilýän çäreleriň opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat, halk döredijiligi ýaly häzirki zaman türkmen medeniýetiniň ähli ugurlaryny özünde jemleýändigini bellemek gerek. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynda geçirilýär. Gadymy Ahal ýaýlasyndaky sungat baýramçylygy halkymyzy dürli ugurlarda täze zähmet ýeňişlerine, medeniýet ulgamynda ýokary derejelere ýetmäge ruhlandyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Umu­man, Me­de­ni­ýet hep­de­li­gi­niň çä­re­le­ri mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we sungatymyzy ösdürmäge köptaraply çe­me­le­şil­ýän­di­gi­ni hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda türk­men jem­gy­ýe­ti­niň ägirt uly ru­hy-dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny ýokarlandyr­mak bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny gör­kez­di.

Arslan RAHYMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.