Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ykdysady, medeni we jemgyýetçilik taýdan ýokary depginler bilen ösýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar, dünýä döwletleri bilen dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da pugtalandyrylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwer ýörelgelere esaslanýan daşary syýasaty halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Milletimiziň agzybirligi, jemgyýetimiziň jebisligi, ýaş raýatlarymyzyň döredijilikli başlangyçlary bu gün bize içeri we daşary syýasatymyzy sazlaşykly alyp barmaga, döwlet gurluşyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de has-da kämilleşdirmäge oňyn şertleri döredýär» diýip belleýär. Şunda ösüşleriň möhüm ugry hökmünde ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Döwlet ýaşlaryň bilim almagy, hünär taýdan kämilleşmegi, sagdyn we ruhubelent ösmegi üçin ähli zerur şertleri döredýär. Esasy Kanunda hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilýändigi aýratyn nygtalýar. Bu bolsa ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp ornuny tapmagyna giň mümkinçilik açýar.
Hususan-da, häzirki wagtda tomus paslynyň gelmegi bilen çagalaryň dynç alyş möwsümi uly ruhubelentlige beslenýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän döwrebap çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýaş nesle hyzmat edip, olaryň sagdyn ösmegine, wagtyny peýdaly we şatlykly geçirmegine giň mümkinçilik berýär. Munuň özi beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil nesli kemala getirmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň aýdyň netijesidir.
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüş ýolunda ýaşlar esasy güýç hökmünde çykyş edýär. Olaryň Watana wepaly, bilimli, döredijilikli we ruhubelent bolup ýetişmegi ýurdumyzyň röwşen geljeginiň berk binýadydyr. Ýurdumyzy gülledip ösdürmek babatda ägirt uly işleri amala aşyrýan, ýaş nesle uly ynam bildirip, geljege ak ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri elmydama rowaç bolsun!
Meňli BEŞEROWA,
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.