Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymgulyny öwrenmegiň täze mazmunlara eýe bolmagyna mynasyp seslenip, täzeçe pikir ýöretmek, akyldaryň dury suwly paýhas çeşmesine aralaşmakda netijeli işler ýerine ýetirildi. Bu işleriň ählisi bolsa hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi mirasymyzy öwrenmäge goýýan sarpasynyň, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmek we bütin dünýä wagyz etmek baradaky tagallalaryndan başlangyç gözbaşyny alyp gaýdýar.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary häzirki zaman çeper edebiýatymyzda öz beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda, «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Älem içre at gezer» we «Döwlet guşy» kitaplarynda akyldaryň durmuş we döredijilik ýoly bilen bagly gürrüňlerdir rowaýatlara hem-de şahyrana döredijiligine uly orun berilýär. Bu iki taryhy romanyň atlary Magtymgulynyň parasatly setirleri bilen sazlaşýar. Munuň özi, birinjiden, hormatly Arkadagymyzyň akyldar şahyryň döredijiligine çäksiz hormat bilen garaýandygyny, ikinjiden, eserleriň gahrymanlarynyň, ýagny Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pederleriniň – Anna agadyr Berdimuhamet mugallymyň Pyragynyň goşgularyndaky pähim – paýhasy nesillere ýetirmekde uly işleri bitirendigini, Mälikguly aganyň bolsa şol pähim-paýhasa uýýan maşgalada önüp-ösendigini, üçünjiden bolsa, Magtymgulynyň külli türkmeniň kalbynda ýaşaýan beýik şahsyýetdigini edebi usulda subut edýär.
Alymlaryň ençemesi akyldar bilen bagly öň bar bolan dürli žanrlardaky eserlerde Magtymguly Pyragynyň çeper keşbine maglumat beriji äheňde, ýagny türkmen edebiýatynda ykrar edilen terjimehal bilen bagly pikirler esasynda çemeleşilendigini, esasanam, wakalara Magtymgulynyň şygyrlarynyň mazmuny boýunça garalandygyny nygtaýarlar.
Hormatly Arkadagymyzyň anyk maglumatlary çeper beýan edip, edebi ösüşimizi täzeliklere beslän meşhur romanlarynda bolsa durmuşy-pelsepewi meseleleri şöhlelendirmekde akyldaryň ruhy keşbine ýüzlenilmegi ylmyň öňünde täze wezipeleri goýýar.
Selbi BATYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.