Umumy döwlet derejesinde çözülýän bank we maliýe meseleleri özara bagly bolan bank ulgamynyň dürli derejelerinde çalt çözülmelidir. Şonuň üçin her bir bank edarasynyň bölümlerinde awto  matlaşdyrylan iş ýerleri olardaky programma üpjünçilikleri çözül   ýän bank meseleleri­ni we ulanyjynyň talaplaryny doly ödemelidir. Şonuň üçin kompýuteriň operasion ulgamynda dolandyrylýan birnäçe ýöriteleşdirilen program­ma serişdeleri bar.

Pudaklaýyn dolandyryş meseleleri çözmek üçin buhgalter pro-grammalary we ulgamlary giňden ulanylýar. Olaryň arasynda «1C» buhgalteriýa, «Инфо‑Бухгалтер», Logo, «Главный Бухгалтер» we ş.m. programmalary görkezmek bolar

Häzirki wagtda dünýä bazarynda buhgalter we maliýe program­ma üpjünçiligi ýokary depginde ösýär. Mysal üçin, Russiýada buhgal­ter we audit üçin programma üpjünçiliginiň häzirki zaman bazarynyň ýagdaýynyň intensiw ösýändigini häsiýetlendirmek bolar. Bildirilýän isleglere  laýyklykda  sarp  edijileriň  toparlary  boýunça  programma üpjünçiliginiň ýöriteleşmegi kesgitlenildi.Funksional ugurlary boýunça ulgamlary şu aşakdakylara gönük­dirilendigini bellemek bolar:– adaty jemleýji buhgalter hasabyna;– operatiw-hojalyk hasabyna;– dolandyryş hasabyna we maliýe-ykdysady seljerişe.Indi bolsa buhgalteriýada ulanylýan programmalara häsiýetnama bereliň.«Paritet Soft» firmasy tarapyndan işläp düzülen «Baş buhgal­ter» programmasy eýeçiligiň dürli görnüşli kärhanalarynda, şol sanda býujet edaralarynda buhgalter hasabyny alyp barmagyň tertibini kes­gitleýän normatiw resminamalara laýykdyr.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bu ulgam baş hasapçylara, hasapçylara , dürli bilim derejeli we tejribeli ykdysatçylara gönükdirilendir. Ony giň profilli hasapçylary taýýarlamak üçin öwrediji programma hökmünde ulanmak bolar.Ulgam gepleşik düzgüninde işleýär, maliýe-hojalyk amallaryň pro-wodkasyny çalt we ýokary hilli düzmäge, olary düzetmäge, seljermäge we olar boýunça hasaplaşyklary geçirmäge ulanyja mümkinçilik berýär. «Baş buhgalter» ulgamda memorial-ordere golaý bolan hasabyň formasy amala aşyrylan. Ulgamda ulanylýan hasap formasy hasapçy­lara zerur bolan ähli maglumatlary özünde saklaýar.Ulgam bäş sany esasy bölümlerden ybarat: resminamalar, prowodkalar, hasaplaşyklar, serwis, çykyş.

Ýagmyrberdi HALLYÝEW

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we

Informatika institutyň öwreniji-mugallymy