Türkmen topragynda kemala getirilip, umumadamzat gymmatlyklarynyň hatarynda orun alan ahalteke bedewleri Ýer ýüzünde bar bolan tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde ahalteke atlarynyň arasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna taýýarlyk görülýär.

Ahalteke bedewleri parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewleriň at-abraýy dünýä dolýar. Şundan ugur alsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan ýylynyň şygarynyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi çuňňur many-mazmuna eýedir.

Şu günlerde Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna ýurdumyzyň giň wekilçilikli toparynyň gatnaşmagyny, ahalteke atlarynyň netijeli çykyş etmeklerini gazanmak ugrunda degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan yzygiderli çäreler görülýär. Bu çäreleriň çäklerinde milli medeniýetimiziň gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny, ykdysadyýetde, medeni-durmuş ulgamynda Watanymyzyň häzirki ýeten derejesini halkara jemgyýetçilige giňden tanyşdyrmak möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Jemläp aýdanyňda, Niderlandlar Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde geçiriljek çäreler halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen bedewleriň at-owazasyny dünýä ýaýyp, Türkmenistan Watanymyzyň ösüşleriň täze belentliklerine bedew bady bilen okgunly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüler.

Aýmyrat ÝUSUPOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.