Meşhur Ozon marketpleýsi ulanyjylar üçin söwda prosesini ýeňilleşdirjek täze emeli aň esasly kömekçini synagdan geçirip başlady. TASS habar agentliginiň maglumatlaryna görä, bu funksiýa häzirlikçe çäkli ulanyjylar topary üçin elýeterli bolup, esasan näme satyn almalydygyny entek anyk kesgitlemedik müşderilere niýetlenendir.

Onlaýn dükanlardaky önümleriň sanynyň köpelmegi saýlaw etmegi kynlaşdyrýar. Ozon-yň täze emeli aň kömekçisi bolsa ulanyjynyň zerurlyklaryna görä iň amatly önümleri tapmaga we şahsylaşdyrylan teklipleri bermäge kömek edýär.

Täze wirtual kömekçi Ozon platformasyndaky maglumatlary seljermek arkaly işleýär. Ulgam ulanyjynyň gözleg soraglaryny, öňki satyn alyşlaryny, galdyran teswirlerini, şeýle hem önümleriň häzirki bahalaryny analiz edip, degişli teklipleri döredýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Funksiýany ulanmak üçin ýörite emeli aň režimine geçmek ýeterlik. Şondan soň açylýan söhbet penjiresinde wirtual kömekçi ulanyja birnäçe anyklaýjy sorag berýär. Ol önümiň maksadyny, býujeti we zerur aýratynlyklaryny anyklap, şol maglumatlara esaslanyp iň laýyk wariantlary hödürleýär.

Emeli aň diňe önümiň bahasyny däl, eýsem eltip bermek möhletini, ulanyjylaryň umumy bahalandyrmalaryny we beýleki alyjylaryň hakyky teswirlerini hem göz öňünde tutýar. Bu bolsa satyn alyş barada has çalt we ynamly karar bermäge mümkinçilik döredýär.

Hünärmenleriň pikirine görä, şeýle akylly kömekçileriň ornaşdyrylmagy elektron söwda bazarynda müşderi tejribesini täze derejä çykaryp biler. Häzir synag tapgyrynda bolan bu funksiýanyň geljekde ähli Ozon ulanyjylary üçin elýeterli edilmegine garaşylýar.

«THE ASHGABAT TIMES».