Yslamabadda Özbegistanyň ilçisi Alişer Tuh­taýew bilen Pakistanyň Premýer-ministriniň daşary işler boýunça ýörite kömekçisi Tarik Fatemi arasynda gepleşikler geçirildi. “Dünýä” habar gullugynyň maglumatyna görä, duşuşygyň esasy mowzugy Pakistanyň sitrus önümleriniň, hususan-da, mandarinleriň Özbegistan bazaryna iberiliş möçberlerini giňeltmek boldy.

Taraplar häzirki wagtda Pakistanyň bu ugurda Taşkent üçin esasy hyzmatdaş bolup durýandygyny nygtadylar. Milli statistika komitetiniň maglumatlaryna görä, diňe 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Pakistandan Özbegistana 327,1 müň tonna mandarin import edildi.

Duşuşykda söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmek, durnukly üpjünçilik zynjyryny döretmek hem-de Pakistanyň sitrus önümleriniň Özbegistan bazarynda elýeterliligini ýokarlandyrmak boýunça teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Gepleşikleriň netijesinde taraplar sitrus önümleri boýunça hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy hem-de mandarin üpjünçiliginiň durnukly ösüşini üpjün etmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.