Kabuldaky söwda ýarmarkasynyň çäginde özbek we owgan işewürleri umumy $36 mln dollarlyk söwda şertnamalary boýunça deslapky ylalaşyklara geldiler.
Iki ýurduň Söwda-senagat palatalary (SSP) özara ykdysady gatnaşyklary berkitmek maksady bilen Özbegistan hem-de Owganystanyň çäginde söwda öýlerini we palatalaryň wekilhanalaryny döretmek barada ylalaşdylar.
Bu ädimler söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, şeýle hem goňşy döwletleriň arasyndaky durnukly ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilýär.



Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.