Altynyň dünýä bazaryndaky bahasynyň ýokarlanmagy Özbegistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň möçberiniň ep-esli artmagyna täsir edýär. Şeýle-de bolsa, gymmat bahaly metalyň bahasynyň duýdansyz peselmegi ýurduň ätiýaçlyklaryna we eksport girdejilerine ýaramaz täsir ýetirip biler. «Fitch Ratings» agentligi Özbegistany altyn bahalarynyň üýtgemegine iň ýokary derejede bagly ýurtlaryň hataryna goşdy.
«Fitch Ratings» agentliginiň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň 1-nji awgusty ýagdaýyna görä, Özbegistanyň halkara ätiýaçlyklarynyň umumy möçberi 64,35 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Şonuň 56,12 milliard dollary, ýagny 87,2 göterimi monetar altynyň paýyna düşýär. Bu görkeziji Özbegistany halkara ätiýaçlyklarynyň düzüminde altynyň paýy boýunça dünýäde birinji orna çykarýar.
Dünýä bazarynda altynyň bahasynyň ýokarlanmagy ýurduň halkara ätiýaçlyklarynyň gymmatyna gönüden-göni täsir edýär. Hususan-da, iýul aýynda Özbegistanyň halkara ätiýaçlyklary 589,8 million dollar artdy. Bu ösüşiň takmynan 490 million dollary dünýä bazarynda altynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen bagly boldy.
Hasaplamalara görä, bir aýyň dowamynda ätiýaçlyklaryň artmagynyň takmynan 83 göterimi altynyň gymmatynyň ýokarlanmagy bilen düşündirilýär. Hususan-da, iýul aýynda altynyň dünýä bazaryndaky bahasy bir unsiýa üçin 4 016,7 dollardan 4 052,2 dollara çenli ýokarlandy. Bu ýagdaý ýurt üçin möhüm maliýe artykmaçlygyny döredýär. Sebäbi altynyň bahasy ýokary bolan döwürlerde ýurduň eýeçiligindäki altyn ätiýaçlyklarynyň dollar görnüşindäki gymmaty hem awtomatiki ýagdaýda ýokarlanýar.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.