Çagalara haçanda olar ulalanlarynda gerek boljak zatlary öwretmelidir.

Aristipp

Tebigat ähli zat barada şeýle alada edipdir weli, sen ähli ýerden öwrenmäge zat tapýarsyň.

Leonardo da Winçi

Eger beýlekileriň kämilleşmegine kömek etmeýän bolsa, ol adam hakyky kämillige ýetip bilmez.

Ç. Dikkens

Öz çagalarymyza öwredýän zadymyza biziň özümuz ynanmalydyrys.

Wudro Wilson

Diňe iň akyllylar we iň akmaklar öwrenmek islemeýärler.

Konfusiý

Diňe söýýän zadyňy öwrenmek mümkindir.

I.Gýote

Men mekdep sapkalarymyň meniň bilimime päsgel bermesine hiç-haçan mümkinçilik bermedim.

Mark Twen

Başga birini terbiýelemek üçin biz, ilki bilen özümizi terbiýelemelidiris.

N.Gogol

Diňe okuw jaýynda bilim alan çaga – bilimsiz çagadyr.

Jorj Santaýana

Tölenilip alynýan bilim, gowy ýatda galýandyr.

Rabbi Nahman

Iň ýokary predmetler hakynda, iň ýönekeý sözler bilen aýdýan bolsa – bu gowy bilimiň alamatydyr.

Ralf Uoldo Emerson

Terbie hem, bilim hem, özbaşdak däldir. Bilim bermän terbiýelemek mümkin däldir, çünki islendik bilim terbiýe bolup täsir edýändir.

L. Tolstoý

Pikirlenmän öwrenmek peýdasyzdyr, öwrenmän pikirlenmek bolsa howpludyr.

Konfusiý

Näme öwrenýän bolsaň hem, sen özüň üçin öwrenýänsiň.

Petroniý

Ähli wajyp bolan zady öwretmek mümkin däldir – mugallymyň ähli edip biljek zady ýodajygy görkezmekdir.

R.Oldington

Höwessiz okaýan okuwçy – ganatsyz guşdyr.

Saadi

Bilim – akyl-paýhasyň ýüzidir.

Keý – Kowus

Döwletgeldi WELIÝEW, Maksat HAÝYDOW

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär

okuw mekdebiniň mugallymlary