Bu gün «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyzda ýene-de bir okuw ýyly üstünlikli jemlenýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda şol sanda, mekdebe çenli bilim terbiýe düzümlerinde hem okuw maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirildi. Milli bilim-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde, pedagogik hünärleri kämilleşdirmekde, körpe nesilleri terbiýelemekde, olaryň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda Mary welaýatymyzyň çagalar bakja-baglarynda hem meýilnamalaýyn işleri netijeli amala aşyrmaga işjeň çemeleşildi. Bu babatda welaýatymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleri öz çykyşlarynda şeýle belleýärler.

Aýna ATAJANOWA,
Mary şäheriniň rus dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi, rus dili mugallymy:

― Bu okuw ýylynda çagalary terbiýelemegiň, sowat öwretmegiň, sagdyn durmuş ýörelgesine mynasyp ýetişdirmegiň, şol sanda rus dilini çuňlaşdyryp öwretmegiň usulyýetini kämilleşdirmekde biz hem tejribelerimizi artdyrdyk. Okuw maksatnamalary, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydy esasynda ähli sapaklaryň netijeli özleşdirilmeginde iň döwrebap usullardan peýdalanyp, öňde duran maksatlara ýetmäge çemeleşdik. Çagalarymyzyň akyl we beden taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmakda, ata-eneler bilen sazlaşykly işlemekde, körpeleri mekdebe taýýarlamakda, olaryň ilhalar, watançy nesiller bolup ýetişmeklerini üpjün etmekde, aýratyn zehinli çagalary ýüze çykarmakda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde, mekdebe çenli Döwlet bilim standartynyň ölçeglerine eýermekde, gurnaklar arkaly çagalara goşmaça bilim bermekde halkara iş usullaryndan hem ugur alyndy. Şol sanda okuw ýylynyň dowamynda dürli bäsleşiklere, medeni köpçülik çärelerine hem işeňňir gatnaşyp, bakja-bagymyzyň bilim işgärleri we körpeleri baýrakly orunlara mynasyp boldular. Okuw ýylynyň ikinji ýarymynda Mary şäherinde «Öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we halkara iş tejribeleri bilim işine giňden ornaşdyrmak» atly döwlet derejesindäki usuly-amaly maslahatda hem innowasion usulda sapak geçip, öz tejribämizi görkezdik. Rus dilinde çagalara bilim bermegiň, olara dil öwretmegiň, körpeleri oýunlar we sanly serişdeler bilen utgaşykly daşary ýurt dillerini öwrenmäge gyzyklanmalaryny artdyrmagyň täzeçe çemeleşmelerini açyp görkezen bu sapagymyz örän gyzykly we netijeli geçdi. Döwlet derejesindäki şeýle çärelerde hünär taýýarlygymyzy we körpelerimiziň işjeňligini görkezmek bizi täze üstünliklere höweslendirdi.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Bahar BAÝRAMOWA,
Oguzhan etrabynyň 10-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri:

― Okatmakda we terbiýelemekede ýerine ýetirilen işleriň netijesi bilimleriň we başarnyklaryň ýüze çykmagynda görünýär. Mugallymlaryň we terbiýeçileriň işiniň netijeliligine hem çagalaryň bilimine, terbiýesine görä göz ýetirmek bolýar. Biziň bakja-bagymyzyň pedagogik işgärleri hem bu okuw ýylynda öz usuly taýýarlyklaryny, sapaklary nähili derejede geçendiklerini, körpelere bilim-terbiýe bermekde tejribelerini çagalaryň bilimleriniň üsti bilen görkezdiler. Her okuw ýylynda bolşy ýaly bu okuw ýylynda hem çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny, bilim derejesini öwrenmek we seljermek boýunça bahalandyrmalaryň netijesinde çagalarymyzyň oňyn netijeleri görkezmegi biziň her birimizi begendirdi. Çünki olaryň ähli taraplaýyn berlen düşünjeleri maksadalaýyk özleşdirmekleri, geljekde mekdepde okuw maksatnamasyny hem ykjam özleşdirmeklerine gönezlik bolup hyzmat edýär. Olaryň mekdepde hem bilimli, terbiýeli bolup, bakja-bagymyzda öwrenenlerini berkitmekleri kemally nesiller hökmünde ýetişmeklerine täsir edýär. Biz öz çagalarymyzyň zehinine, başarnyklaryna, terbiýesine we dünýägaraýşyna, sagdynlygyna hem-de päkize terbiýesine daýanýarys. Sebäbi olar biziň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň röwşen geljegi. Ak ertirlerimiziň eýeleri bolan bagtyýar nesillerimizi mundan beýläk hem milli-döwrebap ruhda terbiýelemekde, bilim bermekde ähli işgärlerimiz bolup yhlas, başarnyklarymyzy gaýgyrmarys.

Orazgözel NURYÝEWA,
Türkmengala etrabynyň 3-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:

― Okuw ýylynyň jemlenmegi bilen mekdebe çenli çagalar edaralarynda tomus sagaldyş möwsümi başlanýar. Bu möwsüm çagalaryň ösüşi we terbiýesi babatda giň çäreler toplumyny özünde jemleýär. Okuw ýylynyň dowamynda öwrenilenleri özleşdirmekde bu möwsümde guralýan göwnaçmalar, gyzyklanma çäreler, gezelençler, hereketli oýunlar, duýgulary ösdürmek üçin öwrediji oýunlar örän gyzykly we täsirlidir. Şeýle-de taplama çäreleriniň guralmagy sagdyn nesilleri kemala getirmekde ýokary ähmiýete eýedir. Uly üstünlikler bilen jemlenen okuw ýylynyň netijelerini berkidip, terbiýeçilik işgärleriniň hem hünär taýdan kämilleşmeginde tomus möwsümine uly orun degişli bolup durýar. Bu döwürde täze okuw ýylyna taýýarlyk işlerini amala aşyrmak hem utgaşykly guralar. Şeýlelikde sazlaşykly zähmet we çagalaryň ruhubelent dynç alyşy, ýurdumyzda okuw ýyllarynyň guramaçylyk tejribesini artdyrmaga oňyn täsirini ýetirer. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe röwşen geljegimiz bolan körpe nesilleriň geljegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi biziň her birimizi has yhlasly işlemäge ruhlandyrýar.

Aýsenem BERDIÝEWA,
Ýolöten etrabynyň 1-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi:

― Çagalar bagynda her bir pursat gyzyldan gymmatly hasaplanýar. Çünki bu ýerde çagalaryň ösüşi, terbiýesi, geljegi, bilim-terbiýesi bilen bagly işler durmuşa geçirilýär. Körpeleriň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin bolsa ýurdumyzda ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär. Mekdebe çenli bilim-terbiýe babatda hem okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi, sanly bilim serişdeleriniň ornaşdyrylmagy, döwrebap mümkinçilikleriň we şertleriň giňeldilmegi bu okuw ýylynda hem has netijeli işlemäge itergi berdi. Şeýlelikde aýratyn zehinli körpeleriň ençemesi ýüze çykaryldy, pedagogik işgärleriň hem hünär taýýarlygy kämilleşdi. Täze döredijilik işleri, okuw-usulyýet gollanmalary, okuw görkezme, paýlama esbaplary artdyryldy. Sanly bilim serişdeleri, elektron gollanmalar babatda hem bu okuw ýylynda birnäçe maglumatlar toplandy. Dürli usuly sagatlara, amaly maslahatlara gatnaşmak bilen biz terbiýeçilik işiniň öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge hem mümkinçilik aldyk. Ajaýyp zamanamyzda yhlasly işlemek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek babatda ähli şertleriň döredilmegi, netijeli zähmete sarpa goýulmagy saýlan hünärimize bolan buýsanjymyzy artdyrýar.
***
Bilim-terbiýeçilik işgärleriniň çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, okuw ýylynyň üstünlikli jemlenmegi täze sepgitlere ýol açýar. Öňde bolsa tomus sagaldyş möwsümi. Bu möwsümi hem şowly, şadyýan we dabaraly geçirmekde ähli bilim işgärlerine üstünlikleri arzuw edýäris. Asylly işlerde belent görelde görkezýän, öz ajaýyp kitaplary bilen biziň ýollarymyza şamçyrag çaýýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Tawus ANNAMÄMMEDOWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.