«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň keşbi günsaýyn özgerip, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Şanly ýylyň ajaýyp bahary Watanymyzy galkyndyrmak ugrundaky giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilip, asylly işleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
«Gurýan döwlet gurpludyr» diýen jümle ösüşlere beslenýän zamanamyzyň belent hakykatyny beýan edýär. Ilatyň ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, her bir maşgalany häzirki zaman öýi bilen üpjün etmek döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde häzirki zaman obalarydyr şäherçeleri yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. 8-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň düýbüniň tutulmagy hem şanly ýylyň buýsançly wakalarynyň üstüni ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda döwrebap obadyr şäherçeleriň döredilmegi bilen birlikde, olary iri şäherler bilen birleşdirýän häzirki zaman ulag-logistika düzümleri, ýokary tizlikli ýollar gurulýar. Türkmenistany Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky möhüm ulag halkasyna öwürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly şeýle taslamalaryň iň möhümleriniň biridir. Golaýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen bu iri taslamanyň jemleýji tapgyry bolan Mary — Türkmenabat bölegi açylyp ulanmaga berildi. Uzynlygy 600 kilometre, umumy bahasy 2,3 milliard amerikan dollaryna barabar bolan bu taslamanyň «Türkmen awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy esasynda ýerli gurluşyk düzümleri tarapyndan gurulmagy ony özleşdirmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň içerki işewürligiň bähbidine hyzmat edýändigini görkezýär.
Uglewodorod serişdeleriniň tassyklanylan gorlary babatda dünýäde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan tebigy serişdelerini yzygiderli özleşdirýär. Hormatly Prezidentimiziň «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyryna girişmek barada degişli resminama gol çekmegi bu ugurda diýseň ähmiýetli ädim boldy. 15 — 17-nji aprelde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dostlugyň we strategik hyzmatdaşlygyň täze wakalary bolup geçdi. Şol günlerde Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň ýolbaşçylygyndaky ýokary derejeli wekiliýet ýurdumyzda saparda bolup, uly taslamalaryň, döwletli işleriň täze tapgyryna badalga berildi.
Görnüşi ýaly, bu asylly işler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň her bir adamyň we bütin halkyň abadançylygyna gönükdirilýändigini aýan edýär.
Bagtygül GELDIMURADOWA,
Döwletli etrabynyň Daşrabat geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.