Türkmen daýhanynyň üstünliginden söz açylsa, ilkinji nobatda, mukaddes Garaşsyzlygymyzy gazanmagymyz bilen önüm öndürijilere uzak möhletleýin ýer bölekleriniň berilmegi we munuň ýörite «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny bilen berkidilendigini bellemek hökmanydyr. Halal zähmet çekip, baýamak isleýän daýhan üçin döredilen şeýle amatly şertiň üstüniň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda ösdürmäge, ýerlerde ösdürilip ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň girdejililigini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler bilen ýetirilmegi, oba hojalyk pudagynyň gysga wagtda ösüşiň belent menzillerini aşmagyna getirdi.

Ata-babalarymyzdan miras galan daýhançylyk däp-dessurlary, edim-gylymlary döwrebap usullar hem ösen tehnologiýalar bilen utgaşdyrylyp, seçgiçilik, tohumçylyk ugrunda iş alyp barýan ylmy edaralardyr oba hojalykçy alymlaryň we ugurdaş hünärmenleriň jogapkärli işleri, ekerançylaryň yhlasly zähmeti netijesinde tohumlaryň täze sortlary döredilýär. Muňa mysal hökmünde, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda güýzlük bugdaýyň «Serdar», «Arkadag», «Pyragy» atly täze sortlarynyň döredilendigini bellemek ýerlikli bolar. Ýurdumyzda «Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, şeýle hem halkara tejribä esaslanýan seçgiçilik, tohumçylyk pudagynda dowam etdirilýän ylmy gözlegler, alymlaryň tejribesiniň, hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy oba hojalyk pudagynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda durmuşymyzy gurşap alýan ähli zatlar bilen bir hatarda, ýer-toprak hakynda hem aýratyn agzalyp geçilýär. Milli Liderimiziň bu kitapda: «Bir mysal getireýin, ýeriň sandan çykmagy we gaýry sebäpler topragyň öz asylky wezipesi bilen baglanyşykly kanunalaýyklygyň bozulmagyna getirýär. Tebigatdaky ähli zatlaryň deňagramlylygyny, sazlaşykly ýaşaýyş kada-kanunlaryny dogry we doly ýerine ýetirip, ýaşaýşa dowam berýän adamzatdyr» diýip jaýdar belleýşi ýaly, topragyň berekedi gönüden-göni ynsanyň oňa bolan garaýşyna bagly. Şundan ugur alyp, ýurdumyzda oba hojalyk toplumynyň we azyk üpjünçiligi ulgamynyň öňünde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi azyk önümleriniň hiliniň hem-de möçberiniň ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Biz hem sözümiziň soňunda, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürip, ykdysadyýetimiziň öňe ilerlemegine öz mynasyp goşandyny goşýan ezber elli daýhanlarymyza «Armaweriň!» diýmek bilen, olara uly-uly zähmet üstünliklerini arzuw edýäris!

Batyr ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.