Bagtyýar çagalygyň mekany bolan Garaşsyz Watanymyzda nesilleriň kadaly kemala gelmegi, tiz ösüp-ulalmagy, olaryň durmuşynyň has gözel bolmagy we geljeginiň röwşen bolmagy hakyndaky aladalar döwlet syýasatynyň esasy bölegine öwrüldi. Şoňa görä-de, çaganyň irki ösüşi ugrunda has düýpli işler amala aşyrylyp bitewi hyzmatlar ulgamy emele getirildi. Häzirki wagtda täze 2026-2027-nji okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görlüp, bular boýunça çagalar bakja-baglarynda hem möhüm işler alnyp barylýar.

Altyn asyrymyzyň altyn nesilleriniň sagdyn ösmeginde, kadaly iýmitlenmeginde, ählitaraplaýyn ösen hem-de mekdepde we durmuşda üstünlik gazanmaga ukyply bolmagynda, howpsuz gurşawda okamagynda, geljege ynamly garaýan şahsyýet bolup ýetişmeginde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem uly orny bar. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpelere mynasyp seretmek, terbiýelemek, sagdyn ösdürmek we ýokary hil derejesinde sowat öwretmek biziň esasy wezipämiz bolmagynda galýar.

Çagalaryň köp wagtynyň çagalar-bakja baglarynda geçýändigini nazara alyp maglumat we goldaw bermek arkaly çagalaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy barada ata-eneleriň bilimleri ýokarlandyrylýar. Şeýle-de ata-eneleriň çagalaryň «ilkinji mugallymy» hökmünde ýardam bermegi esasy zerurlyklaryň biridir. Şonuň üçin hem  birleşen tagallalar esasynda goşmaça goldawa mätäç kiçi ýaşly çagaly bolan maşgalalara goldaw berilýär, çaganyň ösüşindäki yza galmalar we beýleki ýagdaýlar irki döwürde ýüze çykarylýar hem-de degişli ugra gaýtadan gönükdirilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hut çagalar baglaryndan başlap döwrebap derejede bilim almaklary babatda taýsyz tagallalar edýän we bu ugurda ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Milli Liderimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Tawus SOPYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň müdiri.