ABŞ-nyň Milli kosmos dolandyryşy (NASA) Aý maksatnamalarynyň çäginde hususy kompaniýalaryň mümkinçiliklerinden has giňden peýdalanmagy meýilleşdirýär. Kosmos edarasy ýylyň ahyryna çenli «Commercial Lunar Payload Services» («CLPS») maksatnamasynyň çäginde Aýa gönükdiriljek üç sany täze missiýa boýunça sargyt ýerleşdirmegi göz öňünde tutýar.
«ixbt.com» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu başlangyç arkaly NASA hususy kosmos kompaniýalaryna ylmy enjamlary, tehnologiýalary we dürli ýükleri Aýa eltmek hyzmatlaryny tabşyrar. Bu bolsa Aýda geljekki ylmy-barlag işlerini we kosmos infrastrukturasyny ösdürmek boýunça möhüm ädimleriň biri hasaplanýar.
Täze missiýalaryň ikisiniň Aýa gonuş enjamlary bilen baglanyşykly bolmagyna garaşylýar. Üçünji taslama bolsa Aý orbitasyndan surat almak we onuň ýüzüni kartalaşdyrmak hyzmatlaryny öz içine alar.
«Intuitive Machines» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Stiw Altemusyň bellemegine görä, täze orbital enjam 2009-njy ýylda uçurylan «Lunar Reconnaissance Orbiter» («LRO») missiýasynyň ornuny eýeläp biler. Häzirki wagtda işlemegini dowam etdirýän bu enjam Aýyň ýüzüni öwrenmekde möhüm maglumatlary üpjün edýär. Şeýle-de bolsa, hünärmenler onuň ornuny täze nesil tehnologiýalaryna esaslanýan platformanyň eýelemeginiň zerurdygyny belleýärler.
NASA geljekki orbital missiýanyň jikme-jikliklerini entek resmi taýdan mälim etmese-de, hususy kompaniýalar bu ugurda işlerini işjeň dowam etdirýärler. «Firefly Aerospace» kompaniýasy «Ocula» atly täjirçilik Aý surat hyzmatyny ösdürýär. Bu ulgamyň kameralarynyň «Blue Ghost» gonuş enjamy bilen işleýän «Elytra» platformalarynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýär.
«CLPS» maksatnamasynyň çäginde «Firefly Aerospace» we «Intuitive Machines» kompaniýalary eýýäm birnäçe Aý missiýasyny ýerine ýetirmek üçin şertnamalara eýe boldular. Maksatnamanyň esasy maksady hususy kompaniýalaryň standartlaşdyrylan Aý platformalaryny döretmek we olaryň kosmos missiýalaryny has çalt hem-de netijeli amala aşyrmak mümkinçiliklerini barlamakdan ybarat.
Geljekde «CLPS 2.0» maksatnamasynyň işe girizilmegine garaşylýar. Bu taslamanyň çäginde on ýyllyk döwür üçin şertnamalaryň umumy bahasy 10 milliard dollara çenli bolup biler. Şeýle hem maksatnamanyň möhletini uzaltmak we maliýeleşdiriş möçberini 15 milliard dollara çenli artdyrmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Täze mümkinçilikleriň çäginde hususy kompaniýalar has uly ýükleri daşamaga ukyply kosmos enjamlaryny ösdürýärler. «Intuitive Machines» kompaniýasynyň «Nova-D» gonuş enjamynyň 500 kilograma çenli ýük daşamagy, has güýçli görnüşiniň bolsa bir tonna çenli ýük götermek mümkinçiligi bolar diýlip garaşylýar. «Firefly Aerospace» hem birnäçe tonna çenli ýük daşap biljek giňeldilen «Blue Ghost» platformasynyň üstünde işleýär.
Hünärmenleriň pikirine görä, bu taslamalar Aýyň özleşdirilmeginde döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň ähmiýetiniň artýandygyny we geljekki kosmos gözleglerinde hususy kompaniýalaryň ornunyň güýçlenýändigini görkezýär.
«THE ASHGABAT TIMES».




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.