Häzirki wagtda halkara gatnaşyklarda halklary birek-birege ýakynlaşdyrmakda, dostlukly gatnaşyklary berkitmekde medeni diplomatiýa möhüm orun berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik däplerine eýerilip, parahatçylyk medeniýeti dabaralandyrylýar.

Halkymyzyň taryhy-medeni gymmatlyklarynyň ojagy bolan muzeýlerde hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunda ýurdumyzda medeniýet hepdelikleriniň, muzeýlerimizde ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň, şeýle-de döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilip durulmagy dostlukly ýurtlaryň medeniýetini we sungatyny has-da içgin öwrenmäge, türkmen jemgyýetiniň dünýä halklarynyň maddy we ruhy baýlyklary bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döredýär.

Türkmenistanda pederlerimizden miras galan däp-dessurlaryň we ynsanperwer ýörelgeleriň, halkymyzyň döredijilik kuwwatynyň, milli medeniýetiniň ösdürilmegine örän uly ähmiýet bermek bilen, medeni diplomatiýa döwlet syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde garalýar. Hormatly Prezidentimiziň dostlukly döwletlere amala aşyrýan saparlary munuň aýdyň mysalydyr. Bu taryhy saparlaryň çäklerinde medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, ynsanperwer gatnaşyklaryň has-da giňeldilmegine, şol sanda muzeý işinde gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň geçen ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Italiýa Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde Rim şäherinde «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy ýurdumyzyň muzeý hünärmenlerini has-da buýsandyrdy. Alty aýlap dowam eden bu arheologik sergide gadymy Margianada we Parfiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan taryhy tapyndylar görkezildi.

Medeni diplomatiýany yzygiderli ilerledip, dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy ündeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, döwletli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Annagül NURBERDIÝEWA,
Tejen etrap medeniýet bölüminiň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.