Mugallymçylyk işi jemgyýetiň ösüşinde iň möhüm ugurlaryň biri bolup, ýurduň geljegini kesgitleýän nesli taýýarlamakda aýratyn orny eýeleýär. Şu nukdaýnazardan, mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri, şol sanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýaş nesle bilim berýän, terbiýeleýän we jemgyýet üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlaýan esasy merkezler hökmünde çykyş edýär. Hut şu möhüm ugur bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýurdumyzyň bilim ulgamynyň ösüşinde täze taryhy tapgyry alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeleriň möhüm binýady hökmünde bu Strategiýa aýratyn ähmiýete eýedir. Ol ýokary okuw mekdepleriniň ösüşini uzak möhletleýin esasda kesgitleýär we ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýäniň öňdebaryjy bilim giňişligine ýakynlaşdyrmaga hyzmat edýär. Strategiýanyň esasy maksady ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň hilini ýokarlandyrmak hem-de ykdysadyýetiň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan ybaratdyr. Bu maksatlaryň amala aşyrylmagy bolsa mugallymçylyk ulgamynyň hiline gönüden-göni baglydyr.

Strategiýada ýokary okuw mekdeplerinde, aýratyn hem mugallymçylyk ugurly edaralarda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek möhüm orun eýeleýär. Milli bilim ýörelgelerini saklamak bilen bir hatarda, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy talyplaryň pedagogik ussatlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa geljekki mugallymlaryň diňe bilim beriji däl-de, eýsem döredijilikli pikirlenýän, täzeçil çemeleşmeleri ulanýan hünärmenler bolup kemala gelmegini üpjün edýär.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Resminamada sanly tehnologiýalaryň we innowasion okuw serişdeleriniň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Elektron bilim platformalary, interaktiw usullar hem-de sanly maglumat serişdeleri okatmagyň hilini ýokarlandyrýar. Mugallymçylyk ugurly ýokary okuw mekdepleri üçin bu aýratyn möhümdir, sebäbi häzirki zaman mugallymy sanly bilim gurşawynda işlemäge ukyply bolmalydyr. Şunuň netijesinde geljekki pedagoglar okuw-terbiýeçilik işinde täze tehnologiýalary netijeli peýdalanmagy öwrenýärler. Bu ýagdaý geljekki mugallymlaryň halkara tejribäni öwrenmegine, dünýä bilim giňişligine çykmagyna hem-de hünär taýdan bäsleşige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär.

Umuman aýdanyňda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasy» ýurdumyzyň ýokary bilim ulgamynyň ösüşinde täze döwri alamatlandyrýar. Ol, aýratyn hem, mugallymçylyk bilim ulgamynyň kämilleşmegine güýçli itergi berýär. Bu Strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýaly ýokary okuw mekdepleriniň mümkinçilikleri has-da artar we ýurduň bilim ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykmagyna giň ýol açar.

Juma JUMADURDYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň Taryh fakultetiniň Taryh hünäriniň 101-nji toparynyň talyby.