MS Word amaly programma MS Office programmalar toplumyna degişlidir. Ol kompýuterde tekst görnüşdäki maglumatlary ýygnamak, ýatda saklamak, redak­tirlemek, formatlamak we printeriň kömegi bilen çapa çykarmak üçin niýetlenendir. Word tekst redaktorynyň esasy mümkinçilikleri:

1. teksti redaktirlemek (teksti ýygnamak, simwollary goýmak we aýyrmak, setirleri birleşdirmek, goýmak we aýyrmak, sözleri, sözlemleri gözlemek we çalyşmak);
2. tekstiň we onuň bölekleriniň nusgasyny almak, orunlaryny üýtgetmek, nus­galar boýunça teksti bezemek, birwagtda birnäçe dokumentler bilen işlemek;
3. ýalňyşlyklary barlamak, bellikleri goýmak;
4. teksti formatlamak, sahypanyň parametrlerini kesgitlemek (kagyzyň ölçeg-leri (Размер бумаги), gyralardan goýulýan meýdançalar (Поля), dokumentiň ýerleşiş ugry (Ориентация), setirleriň aralygy (Интервал) we ş.m.;
5. teksti faýl görnüşinde ýada ýazmak we ony çap etmek;
6. şrift saýlamak (ululygyny, görnüşini);
7. abzaslar bilen işlemek (abzaslary bellemek, deňlemek we ş.m.);
8. sanawlary we abzaslary goýmak;
9. teksti sütünlere (Колонки) bölmek;
10. tablisalar bilen işlemek;
11. sahypalara kolontitul we nomer goýmak;
12. matematiki formulalary ýazmak;
13. tekste grafiki obýektleri getirip goýmak;
14. figuraly tekstleri ulanmak (Word Art obýektleri);

15. dokumentleri gipersalgylanmalar bilen baglanyşdyrmak; Закладка (belgileri) goýmak;
16. ýönekeýje Web sahypalary döretmek;
17. ülňüler boýunça dokumentleri döretmek we başgalar.

Yhlasgeldi YLÝASOW
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar
we Informatika institutynyň talyby