Kitap adamzat siwilizasiýasynyň iň gymmatly miraslarynyň biri bolup, ynsan aňynyň ösmegine, dünýägaraýşynyň giňelmegine, ahlak taýdan kämilleşmegine uly täsir edýär. Şonuň üçin ýurdumyzda kitap medeniýetini ösdürmäge, ýaşlaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrmaga, milli edebi mirasy öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň eserleri bu ugurda esasy orun eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eseri ynsan durmuşynyň manysy, halal zähmetiň belent gymmaty, Watana, halka we maşgala bolan wepalylyk ýaly mukaddes düşünjeleri çuňňur açyp görkezýär. Eserde adam ömrüniň esasy manysynyň il-ýurt bähbidine hyzmat etmekde, döredijilikli zähmet çekmekde, ýagşylyk etmekde we jemgyýetiň ösüşine goşant goşmakda jemlenýändigi nygtalýar. Bu pikirler ýaşlaryň durmuş ýoluny kesgitlemekde örän uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseri bolsa halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren döwlet dolandyryş tejribesini, adalatlylyk, jebislik, agzybirlik, ynsanperwerlik ýaly gymmatly ýörelgeleri giňişleýin şöhlelendirýär. Türkmen halkynyň taryhynda döwlet gurmak sungaty, halkyň agzybirligi, parasatly ýolbaşçylar we milli bitewülik hemişe ösüşiň esasy çeşmesi bolupdyr. Şonuň üçin bu eseri öwrenmek ýaşlarda taryha bolan gyzyklanmany artdyrmak bilen birlikde, olaryň öz döwletine bolan buýsanjyny, jogapkärçiligini we raýatlyk borjuny has-da pugtalandyrýar.

MahabatTürkmenstandartlary Baş Döwlet Gullugy

Umuman, Milli Liderimiziň eserleri halkymyzyň ruhy ösüşine hyzmat edýän, ýaş nesle ýol görkezýän gymmatly gollanmalardyr. Olarda öňe sürülýän pikirler ýaşlary giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, halal zähmet çekýän, watansöýüji we jemgyýetçilik jogapkärçiligini duýýan şahsyýetler bolup ýetişmäge ruhlandyrýar. Şeýle eserleriň yzygiderli öwrenilmegi her bir raýatyň döwletimize bolan söýgüsini artdyrýar, milli buýsanjyny pugtalandyrýar hem-de ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde ruhy daýanç bolýar. Halkymyza ençeme gymmatly eserleri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň döwet-galamynyň mundan beýläk-de ýiti, dürdäne eserleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris!

Maral JORAÝEWA,
Döwletli etrabynyň Dostluk şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.