Geçen ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlen adyň berilmegi ýöne ýerden däl. 2025-nji ýylda ýurdumyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny halkara derejede belläp geçdi. Oýlanyşykly Bitaraplyk syýasatyny halkara derejede amal edýän ýurdumyz bu gün sebitleriň, yklymlaryň galyberse-de, bütin dünýäniň parahatçylygyna gönükdirilen işlere-de özüniň mynasyp goşandyny goşup gelýär.
Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň bütin dünýäde abadançylygy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryna işjeň gatnaşmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Bitarap ýurdumyz tutuş sebitiň we dünýäniň parahatçylyk dörediji merkezi hökmünde ykrar edildi. Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalaryň birnäçesi, şol sanda 12-nji dekabryň «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edilmegi, «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny», «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny», «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalar hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan 1993-nji ýylda Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy. Bu adam hukuklary babatda Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýalarynyň arasynda ýurdumyzyň gatnaşan ilkinji halkara resminamasy bolup durýar. Galyberse-de, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda hem ençeme ähmiýetli taslamalaryň amala aşyrylandygyna üns çekmek isleýäris. Bu taslamalar bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda çagalar üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilip täze netijeleri gazanmaga esaslanýar. Şolara «Çagalara mähirli garaýyşly mekdepler» we «Çagalara mähirli garaýyşly hassahanalar» atly taslamalar degişli bolup durýar. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Türkmenistanyň bilim hem-de saglygy goraýyş edaralarynda halkara tejribäni giňden ornaşdyrmak üçin esas bolup hyzmat edýär.
Serdar ÝAZJUMAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.




Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji bolup pikiriňizi ýazyň.